20:25 Nämüçin?... | |
NÄMÜÇIN?..
Goşgular
![]() Sen geldiň. Şeýle bir üýtgedi zemin. Sen geldiň. Şeýle bir ýiteldi zehin. Sen geldiň. Bu jahan giňedi gitdi. Sen geldiň. Dünýämden ejizlik ýitdi. Sen geldiň. Güýz geldiň. Obamyň bagy, Etegin ýaprakdan dolduran çagy. Geldiñ, Bir jadygöý totyguş bolup. Güýz geldiň, Ýaz bolup. Gitdiň, Gyş bolup. Bile durus, Ýüz menzillik daşlaşyp. Dilimize badak saldy hoşlaşyk. Hat ýaz — ýok. Hoş gal — ýok. Görüşýänçäk — ýok. Gamlanyp bolanok. Gülüp bolanok. Men mertlige saldym, Bildirmedim syr. Ýaşadyk ýarym aý, Göwnüme — asyr. Gaýgy-gam bazarna öwrulen dünýä Gussasyn gözüme güjeňläp gülýä. Hytaý diwaryna derdimi diräp, Dymýan. Oýa çümýän: Nämüçin? Nirä? Göräýmäge Sebäbem ýok, Jogabam, Göräýmäge Günä-de ýok, Sogabam. Ýalñyz perzendini ugradyp jeňe, Şeýdip gamlanýandyr eneler diňe. A biz jeňe Ne ugradýas, Ne gidýäs, A biz Jeñe ýetmän, Dönüklik edýäs. Adamlar, Ýyldyzlar, Köçeler, Jaýlar... Söýgimi paýlaşyp, Özünde jaýlar. Gamlanyp bolanok, Gülüp bolanok. Dañ nämüçin atýa — Bilip bolanok. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |