19:29

Gorkma!

Категория: Goşgular | Просмотров: 223 | Добавил: Haweran | Теги: Ýewgeniý Ýewtuşenko | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 11
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Kerim Geniý Hally şenkonyñ ogrulap at gazanan goşgusymy bi?

0
2 Gurgencli  
324
Şol bolmaly. "Tokaý otla, at gazan" diýilenini etdi-dä olam:).

0
3 Gurgencli  
324
Internediň mümkinçiliklerini giňden peýdalanýandygy üçinmi ýa-da häzirki okyjylaryň sowatlylygy peslegi üçinmi Alla bilsin näme üçindigini ýöne Kerim Hallyň meşhurlygy hä internetde gün günden artýar

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Iñ ýaman ýeri, ýalñyşmasam Kadyr Atabaý ýaly şahsyýetler şol ogrulyk goşgynyñ klibinde çykdylar. Ondan başga-da teatr işgärleri garaz bir topar sanatçılar ol arsyz ogrujygy ogrulyk goşgusyny baýý obrazly edip okap arşa çykardylar.
Gaty gynanýan.
Halkyñ medeniýetiniñ çökmegi üçin elinden gelenini gaýgyrman şama-şaýyrdy taýýarlap bilýärler. Tüweleme!

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Özbegistanyñ Halk şahyry Erkin Wahydowyñ bir sekizleme goşgusynyñ tas sözme-söz terjimesini öz goşgusy Nesil gazetinde çap edildi. Bu hakda ne bir gazetiñ redaksiýasy bilýär, ne bir Lit diýen edaramyz bar türkmençe näme diýilýärkä aý garaz şoo edaralar hem bilenok öýdýän.
Ýazyp bilmeseñ iliñ zadyna göz dikme! Beýtmek bilen bütin bir halkyñ abraýyny ýere çalýañ! Hiç bolmanda ertir ogul-gyzyñdan utanmaly. Perzentleriñ ýetişip biri olara ; "Señ kakañ ors şahyrlarynyñ goşgusyny ogrulap at abraý alypdy bir wagt" diýse nähili bolar? Şol hakda oýlanyp gören adam, ýazyp bilmese galama ýapyşmazam.

0
7 Haweran  
411
Degmesene. Bu barada kän zat aýdyldy. "Arly ata bir gamçy, arsyz ata müñ gamçy"...
Diýdiñ nä, diýmediñ nä. Biderek ýigrenji bolanyñ galar. Öñem-ä ýigrenilme kemimizi goýanoklar :)
Şol "goşgyny" okap, klibe düşenler ibaly bolanda, aýdym-saz sungatymyz şugünki "ýandakdan pes, dagdan belent" ahwalyna düşermidi, estradamyz "itiñ art aýagyndan suw içen ýaly" daşary ýurt aýdymlarynyñ taýyn sazlaryna ýanalyp aýdylýan şama-şaýyrdy aýdymlaryndan we aýdymçylaryndan dolarmydy?..

* * *

Ondan-a, Ýewtuşenkonyñ bu goşgusyndan galan ýakymly täsirleriñi ýazan bolsañ has gowy bolardy.

0
6 ssaparay  
1436
Arkaýyn ogurlap bilýän bolsa, onam gorkman köpçülige çykarýan bolsa bu onuň ýeke özüniň aýby däl. Bar, halk-a bilenokmyş, klipde çykan medenýet işgärleriniň şol goşgudan habarsyzdygy gözgyny ýagdaý.
Aslynda şol oglan halkyň sowadynyň üstünden gülýän ýaly. Gülmezçe-de däl! "Bizde-de işdä bar" diýen videosyny goldanlaryň aglaba bölegi oglanlar. "Hawa, agam dogry aýdýaň" diýip goldap otyrlar. "It et görse topulýar, biziňem işdämiz itiňki ýaly" diýip oturan adama "Seňki dogry" diýip, özüni ite deňedermi kellesi işleýän adam?! Şolar ýalylaryň agzyndan gaçan sözi tassyklap durjaklaryň jany sag bolup dursa, entek kän bolar ogurlyk.

0
8 REjep  
1442
Ol-a dogry

0
9 kungfuu  
1292
Şol goşgularyň original wersiýasyny we hakyky awtorlarynyň kimlerdigini bilen adamlara
— ŞÖHRAT!

0
10 kungfuu  
1292
Meni äsgermedik bolup, ýazan teswirimi goşmadyk bolýaňyzmy?
Özüňiz ýaňsylap ýazaňyzda goşulmaly, men ýaly "çopanyň" ýazan teswirem ignor edilmelimi?
Şumy siziň sylaşygyňyz? Awtorlar? Ä?

0
11 Haweran  
411
Duşenbe gününden bäri obada bolundy. Pataçylyk üstüne pataçylyk. Ýañy öýe gelip durşumyz.
Hernä @Bagabat agza abraýlapdyr gelýänçäk, ýogsa hereket hem boljak däl eken saýtda.
Kim nirede näme işläp ýör, kimleriñ başyndan näme günler geçýär... Adamyñ adamdan habary ýok, beý diýmek bilen men kimdir birlerinden duýgudaşlyk sözlerine garaşamok. Umuman her kimsäñ öz derdi-aladasy özüne ýetik. Şular ýaly alada-gaýgylary bir ýana zyñyp gelip, saýtda näme üýtgeşme barka diýip, ýañy bir göz aýlaýañ, kommentarileri tassyklaýyn diýip girýäñ welin, hiç zadyñ magadyny bilmän ýoknasyzyny sürtjek bolýan birdir-ýarymdyr bolgusyz agzanyñ teswiri ýüregiñi agyrdýar...

* * *

Diñe bärde däl, umuman birine bir gep teýeneläñde ýa bir zat diýeñde oýlanyşykly, hemme tarapyny ölçerip-biçip diýseñiz özüñiz ü.nem soñ ýalñyşandygyñyzy bilip ýüzüñiz utanmaz ýaly gowy bolardy.

* * *

Hiç kim size sylagsyzlyk edenok, sylanşyk baradaky düşünjäñizi beýan edäýseñiz? Belkäm, biz size ýalñyş düşünýändiris?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]