14:19 Nusgalyk makala | |
NUSGALYK MAKALA
Baryp-ha, geçen asyryň ellinji ýyllarynyň ahyrlarynda ýazan ilkinji hekaýasynyň aýallar žurnalynda çap edilmegi student gyzy döredijiligiň azaply uzak ýollaryna gönükdiripdi. Soň hekaýa yzyna hekaýa döräpdi. Şondan uzak wagt geçmänem ýazyjy “Leýli” powestini “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalyna hödürläpdi. Žurnalam ony höwes bilen çap edipdi. — Minnetdarlyk bildirmek üçin žurnalyň şo wagtky baş redaktory Beki Seýtäkowyň ýanyna baranym şu günki ýaly ýadymda. Beki aganyň “Leýlini” haladym. Oba durmuşyny gowy bilýän ekeniň. Şeýle powestleri köpräk ýaz. Çap etmek biziň bilen” diýip aýdan sözleri maňa, ýaňy döredijilige baş goşan gyza ganat bekledipdi. Döredijilik işine has jogapkärli garamagyma hemaýat beripdi – diýip, söhbetdeşim ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa ýatlaýar. Ýaşy birçene baransoň, adam öz çagalyk döwrüni häli-şindi ýatlagyç bolýar diýýärler. Ş.Geldiýewa hem uzak durmuş ýoluny geçen zenan. Ol hemişe ýaşlyk ýyllarynyň geçen ýerlerine dolanýar. Ýatlamalar ýumagyny çöşleýär. — 1947-nji ýylda Tejenden Gyzylaýaga göçmeli bolduk. Ýaşlygym Amyderýanyň boýunda geçdi. Obamyz Gyzylaýagyň öňki “Sosializm” kolhozynyň demirgazygynda ýerleşýärdi. Amyderýa çyrpynyp dolup akýardy. Günortasyndan bolsa gazylyp ýören Garagum derýasy geçýärdi. Aslynda şol ýerler ejemiňem, kakamyňam ata-babalarynyň dogduk diýary... Durmuş kynçylyklarynyň öňünde müzzermeli däldigini, ony batyrgaýlyk bilen ýeňmelidigini, merdem bolmagy ol mähriban käbesinden öwrenipdi. Oba adamlarynyň ählisiniň Meňli ejesi, okap gutaran mekdebi bolmasa-da mähriban enäniň özüne görä sowady ýetikdi. Obadaşlarynyň uludan-kiçisi onuň adamkärçiligine sarpa goýýardylar. Mähirli garaýyş,hoş söz, göwnaçyklyk adamlary birek-birege ysnyşdyrýar ahbetin. — Ejem gepe çeperdi. Öýümiziň myhmansyz, adamsyz wagty seýrekdi. Ejemden durmuşda köp zatlary öwrendim. Ol aýratynam erteki aýtmaga ökdedi. Her gije diýen ýaly, çaklaňja jaýymyz goňşy-golamyň çagalaryndan doly bolýardy. Käwagt ejem gijäniň ýaryna çenli erteki aýdyp bererdi. Ejem bizsiz horlanjagyny bilse-de, orta mekdebi tamamlanymyzdan soň, meni hem doganym Tagany Aşgabada okuwa iberdi. Pahyr, özi horlansa-da, bizi hiç zatdan hor etmän okatdy... 1961-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlan Ş.Geldiýewa ýaňyrak açylan “Edebiýat we sungat” gazetinde işe başlaýar. Birki ýyldanam Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspiranturasyna girýär. 1967-nj ýylda-da ol “Baýly şahyr we onuň edebi töweregi” diýen temada kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen ada mynasyp boldy. Şirinjemal Geldiýewa okamagyň nähili zerurdygyna oňat düşünipdi. Ol ýaşlygyndan Berdi Kerbabaýewiň, Ata Gowşudowyň, Nurmyrat Saryhanowyň, Agahan Durdyýewiň, Beki Seýtäkowyň, Hydyr Derýaýewiň we beýleki ussat türkmen ýazyjy-şahyrlar bilen bilelikde A.S.Puşkiniň, L.N.Tolstoýyň, M.Şolohowyň... eserlerini ürç edip okady. Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Keminäniň... şygyrlary bolsa onuň ýan kitaby bolupdy. Ýaş ýazyjy olardan söz ummanynda gulaçlap ýüzmegiň syrlaryny öwrenýärdi. Geçmiş edebiýatyna bolan höwesi ony heniz doly öwrenilmedik Baýly şahyryň huzuryna getiripdi. Ýaş alym Baýly şahyryň ömrüne we edebi mirasyna degişli maglumatlary il içinden toplady. Bu babatda çekilen irginsiz zähmetiň netijesi hem şowly boldy. Ylmy jemgyýetçiligiň öňünde kandidatlyk dissertasiýasyny üstünlikli gorady. Edebiýaty öwreniji alymlarymyz bu ugurdan ýene bir zehinli alymyň ýetişendigine tüýs ýürekden buýsandylar. Alym zenan uzak ýyllap B.Garryýew, S.Garryýew, A.Meredow, R.Rejebow, Z.Muhammedowa, S.Durdyýew... ýaly ussat alymlar bilen bile işledi. Olaryň maslahatlaryna gulak goýdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |