22:53 Oba göçer | |
OBA GÖÇER
Düşünmezden manysyna oýunyñ Çagakak oýnardyk goýup aýada, Alyp çigildemiñ oba göçerin Sanardyk sanawaç şeýle manyda: Oba göçer, oba göçer, Obamyz nirä göçer? Emma gulpagymyz örüme girip, Ätlän mahalymyz başga bir dünýä. Düşündik bu dünýäñ oýun däldigne, Adam şeýdip dünýä kem-kem düşünýä. Çagalykdan soñam çigildem gülnüñ Oba görk berişin synlap durupdyk. "Oba göçer" diýen şol sanawajyñ Has başgarak ekenligin duýupdyk; Oba göçer, oba göçer, Obamyz nirä göçer? Haýsy obañ ýigidi, Meniñ bagtymy açar? Gözel SARLY gyzy. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |