09:01 Saña | |
SAÑA Çöşlenmejek bolsa bu gara saçlar, Nämäme derkar? Aýlanmasa bagtdan bu juwan başlar, Bolar dünýe dar. Gabaklarym gözüm ýapar, garşylykly nazara Biygtyýar. Bu gün gör-ä, señ dildaryñ, Sensiz intizar. Özgä nesip bolan ýarym, Gynanma sen, bagtly bol! Indi biziñ aramyzda Beýik ynsap, Hormat bar. ■ Goşgy okap bereýin Gel, ezizim men saña Goşgy okap bereýin. Gözleñden özüm hakda Yşgy okap bereýin. Gel-de ümsüm otur sen, Diñle, bölmän sözümi, Setirleñ arasyndan Gözle dünýäm özüñi. Sora, aýyp görmerin Düşünmeseñ sözüme, Mümkin añsat görersiñ Dogry baksañ ýüzüme. Ýöne meniñ yhlasym Setirlerden gözleme. Syr bolmasyn arada Senem menden gizleme. Möhre garyp ýüregmiñ Syryn açaýyn saña. Ynjan ýürek ynjalsyn Şu zatlar besdir maña. Gözel SARLY GYZY. | |
|
√ «Когда б могла душа на миг с себя стряхнуть…» / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «Чудный мир волшебной сказки!..» / Goşgular - 09.01.2023 |
√ Утренняя прогулка / Goşgular - 13.02.2023 |
√ «Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023 |
√ «Сжала руки под тёмной вуалью…» / Goşgular - 08.01.2023 |
√ "Ýanwarda - gardan soñ durlanan asman..." / Goşgular - 12.02.2023 |
√ На пятидесятилетие музы 29 января 1889 года / Goşgular - 29.01.2023 |
√ Üzärlik / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Keýpsizlik / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «К озеру вышла. Крут берег…» / Goşgular - 06.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |