11:41 Obamyzdan urşa giden ýigitler | |
OBAMYZDAN URŞA GIDEN ÝIGITLER
“Hoş gal, ene mekan!” diýip gitdiler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Algyr laçyn bolup gözden ýitdiler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Halas etmek üçin Rumy, Pereňi, Boş goýdular bag-bossanly eremi. Daglaryň arslany, şiri, peleňi, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Garymlarda galdy kimsäň mazary, Gulakda ýaňlanýar olaryň zary. Düşek edip ýatdy aýazly gary, Obamyzdan urşa giden ýigitler. Gözlerinde galdy diýaryň keşbi, Sazlarynda galdy gül ýaryň yşgy, Yzlarynda galdy juwan ýaşlygy, Obamyzdan urşa giden ýigitleň. Watanyň topragyn janyna deňäp, Enäň tamdyrdaky nanyna deňäp, At goýdular öňe, duşmana çenäp Obamyzdan urşa giden ýigitler. Biri ýatyr Orsyýediň düzünde, Biri ýandy faşistleriň közünde, Ojagy ýykyldy birniň yzynda, Obamyzdan urşa giden ýigitleň. Biri golak, biri çolak, biri kör, Birden howp abansa Watana eger, Bir adam deý bolup ýenr direler, Obamyzdan urşa giden ýigitler. ■ NOHUR DAGLARYM Jahyllykda çar ýana Atlar salan daglarym. Zawlaryňdan zawyňa Yzlar çalan daglarym. Goýnuň doly arçadan, Donuň – haly, parçadan, Sen owadan barçadan, Ýürek halan daglarym. Gaplaň gezer, şir gezer, Awçylaryň nil gezer. Adyň dünýäni bezär, Hossar bolan daglarym Erem bagy Pirderäň, Kalbymda Kerkawderäň, Derdime derman deräň Seniň bilen daglarym. Aman, aman, eý, aman! Gudraty kän Manaman. Bilýän, öwsem halamaň, Ýüzme sylan daglarym. Goş ýazdyrdym Keletde, Oýa batdym elbetde: Toba kylar erbet-de, Saňa gelen daglarym. Sen barkaň ýok hederim, Başym gurban ederin. Ýatyr sende pederim, Menem balaň, daglarym! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |