18:05 Ömrümiñ manysy bolmaly zenan | |
"ÖMRÜMIÑ MANYSY BOLMALY ZENAN..."
Ömrümiň manysy bolmaly zenan, Deňziň kenarynda ýalňyz gezip ýör. Säherler asmana ýazylsa duman, Armanyny ap-ak çägä ýazyp ýör. Adamlaň şowhuny parhyna däl oň, Ünsüni bölenok çaga gülküsi, Ýogsa menden başga derdi hem kän oň, Ýetik aladasy, gaýgy-ünjüsi. Emma bir gyrada özüni saklap, Tolkunlara bakyp gözlerin süzýär. Hyýalynda şol oglany gujaklap, Ajy ýaşlar bilen çekmeýär azar. A kenarda goýalyşyp ak duman, Ýitip barýar bir ömrüme deñ zenan. Sylapberdi Muhamow. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |