12:22

Ordene siñen ömür / goşgular

- Nury Baýram, keýpiñ niçik?
- Geçen urşuñ derdin çekýän.
Hyýalymda esger bolup,
Her günde bir jeñe çykýan.


■ IKI ODUÑ ARASYNDA

Men sährasyz asla oñup bilemok,
Söýýärin men bu ýerleriñ howasyn.
Ýöne bu ýer mańa hemmeden owal,
Ýada salýar geçen urşuñ gowgasyn.

Bu ýere gelemde, goýun soýulýar,
Bu ýere gelemde, ýañlanýar mukam.
Emma men göwnüme kyrk birinji ýyl
Tutup duran ýaly ebşitläp ýakam.

Bark urýan gülleriñ ysy hüwdüläp,
Ýylaklañ gulpagy ýelpeýär ýüzüm.
Emma näm üçindir kyrk biriñ tomsy
Öñümde janlanýar ýumulsa gözüm.

Uklaýaryn ojar oduñ başynda,
Üstümdäki içmek oda göwreýär.
Kakam käte ojar ody ölçerip,
Göýä meni sallançakda üwreýär.

Tä gözüm açýançam ikimiz bile,
Otyrys giñ sähra bilen baş goşup.
Gözüm açsam bolsa kakam uruşa
Gidip barýar meniñ bilen hoşlaşyp.

1976.

■ ORDENE SIÑEN ÖMÜR

Toý-dabara, şowhun-şatlyk - obamyz,
Ýaşuly, ýaşkiçi mähellede bar.
Gojalar ýatlaýar ýaşlyk ýyllaryn,
Bu gün obamyza geldi komissar.

Deprekli depregin urýar bat bilen,
Oña aýak goşup ýöräsiñ gelýär.
Obamyz begenýär,
Obamyz gülýär,
Meñ bolsa ýüregme howsala dolýar.

Komissar ellerin silkeläp gysyp,
Gowşurýar kakamyñ söweş ordenin.
El çarpyp şatlanýar bütin obamyz,
Meniñ bolsa çöküp barýar gerdenim.

Orden bolup geldi, ynha, öýmüze
Kakam, dogulmadyk inim hem uýam.
Şolaryñ ýerine ordeni görüp,
Kanagat etmeli men mundan bu ýan.

1976.

■ ENE KALBYNDA

Deñ-duşlarmyñ ölen kakasy birçak,
Bäbek bolup öýlerine geldiler.
Hatda "jyn gördüm" diýp, ýüregi ersip,
Ölenlerem täze atly boldular.

Watan goragyna gifip ölenleñ
Atlaryna hormat goýýar hemmeler.
Kakasynyñ adyn ogluna dakdy
Ýa agtygna dakdy menden öññeler.

Bir men dakman ýörün kakamyñ adyn,
Ýa ol at boldumy bize gereksiz?!
Ýok. Enem rugsat berenok maña:
Diýýär: "Geler. Watan üçin söweşde
Ölmändir ol. Ýitenmişin dereksiz".

1976.

■ ÝÜREK AÝDYMY

Ogly men kyrk birde il-ýurdy üçin
Şirin jandan geçen batyr esgeriñ.
Ol çopandy.
Dilli tüýdük çalardy,
Geldim bu gün giñ sähranyñ goýnuna,
Gözläp şoñ tüýdügniñ şirin seslerin.

Şol tüýdüge sesim goşup gygyrjak,
Bu sährada maña ýetdi bagşylyk.
Ýamanlygtñ tohumy ýok bu çölde,
Bu sährada bitýär diñe ýagşylyk.

Meñ aýdymym dogýan güneş hakynda,
Bu ýerleriñ güli hakda aýdymym.
Owlak-guzyñ oýny bolar sazlarym,
Açyk asman hakda bolar sazlarym.

Aýdymyma telpeklerin silkişip,
Gülälekler goşar täsin seslerin
Şeýdip giñ sährada dowamyn tapar
Watan üçin öçen ömri esgeriñ.

1976.

■ KAKAMYÑ SURATY

Üstünden otuz ýyl geçiren surat
Tötänden öýmüze düşäýdi bu gün.
Ony kakamyñ bir dosty getirdi,
Bu gün dost ýagtyltdy dostunyñ öýün.

Saralyp gidipdir onuñ kagyzy,
Gyralary kertilipdir ýyl geçip.
Öçüpdir gözleriñ ýiti nazary,
Otyr kakam dosty bilen gülüşip.

Bir seretsem, öz kakamam däl ýaly,
Ony bu geýimde görmändim entek.
Harby gimnastýorka,
Harby pilotka,
Gör, nirde galypdyr ak silkme telpek.

"Hüjümiñ öñ ýany..." diýlen ýazgy bar,
Wagt salgy berýär kyrk biriñ tomsun.
Ölümiñ öñ ýany gülüp oturmak!
Bu nä gudrat diýip, oýlandan ümsüm.

"Otuz ýaşyndady kakañ şol mahal..."
Şeýle diýýär goja esger hamsygyp.
Men, birden, tok uran ýaly bolýaryn,
Hem öz-özüm gyýylýaryn kemsinip.

Watanyñ üstüne abanan ölmüñ
Garşysyna gülüp baryp biljekmi?
Onuñ şonda arzuw eden geljegi
Menmi?
Meniñ hemram bolan geljekmi?

Ýaşym birçak geçip gitdi ýaşyndan,
Men deñleşip bilerinmi oñ bilen?
Öýmüze şol surat geleli bäri,
Şeýdip, kaka, gürleşýärin señ bilen!

1976.

Nury BAÝRAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nury Baýramow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 MissLAdy  
109
Gowy goşgular.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]