22:25 Tüpeñ | |
TÜPEÑ
Bilemok haýsy ýyl, Haçandygyny, Kakam bir tüpeñi alypdyr satyn. Öýmüziñ töründe asylgy dur ol, Ýeñil-ýelpaýam däl, Misli bir metin! Atylman dursa-da eýmendirýär ol, Gahara ýa ýalñyşlyga garaşýar. Ol diñw bir diwar bilen oñanok, Ol - tüpeñ ol, Ömür bilen dalaşýar. Kakamy gojaltdy, Diñe olam däl, Onuñ bu jahandan ötennem gördi. Menem indi ýaş-ýeleñ däl bu öýde, Oglumyñam kyrka ýetenni gördi. Agtyklar bir dynsyn şu goşa nilden, Diýip zyñaýmaga elim degenok. Şeýdibem, Garradyp barýar ol bizi, Biz dünýäden gidýäs, Tüpeñ gidenok... Nury BAÝRAMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||