19:46 Kimden gorkmaly? | |
KIMDEN GORKMALY? Gorkma sen, nesihatym, Gorkma sen edenliden, Näçe güýjüň bolsa-da, Gorkgunyň ejizlerden. Kaýyl bol mert kişiniň Ýüreginiň emrine. Gorkma, ony sakçy goý, Öýüňe däl, ömrüňe! Ejiz bolsa gork ondan, Uly ýagy - ejizlik! Ejizligiň bar ýeri - Tükeniksiz ejirlik! Ejizlikdir, unutma, Gülleri soldurýan zat. Unutma, ejizlikdir Güýçlini öldürýän zat! * * * Gahara gujak açdym, Utdurdym. Gahary görüp gaçdym, Tutdurdym. Gahara gahar etdim, Beýgeldi. "Hä, muny nähak etdim..." Diýsem, eýmendi. Gahar meý uzatdym, Dübledi. Gahara toý düzetdim, Güwledi. Gahara halat ýapdym, Esedi. gahara gülüp bakdym, Peseldi. SÄHER HÜWDÜSI Ýaz ýagyşy, ýuwsana Ýeri ähli beladan. Ýuwsana gaýgy-gamdan, Ýuwsana bar naladan. Säher ýeli, ýazsana Şol päk ýerde owadan Gülli keçäni düşek, Dem-dynjyn alsyn adam... Nury BÝARAMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 28.01.1983 ý. | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||