10:53 Oýnatgy | |
OÝNATGY
Ýaňrap, ýaňrap bütin günüň geçirýäň, Töwerekden adamlary gaçyrýaň, Ýalan gürrüňleri göge uçurýaň, Bu seniň hakyky käriň oýnatgy. Adamlary güldirenden bolýarsyň, Öz-özüňden belki lezzet alýansyň, Oýnadym birini diýip, bilýänsiň, Bu seniň hakyky käriň oýnatgy. Iki baka at salýarsyň aç böri, Kimdir birin satmak söýgüli käri, Belki adamlarda bar onuň ary, Bu seniň hakyky käriň oýnatgy. Ganat baglap asman sary uçýaň sen, Uçup serhetlerden durman geçýäň sen, Bileňok sen, öz syrtyňy açýaň sen, Bu seniň hakyky käriň oýnatgy. 26.07.2011 ýyl. Meýlis HASAR. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |