09:21

Öz-özüme hat

Категория: Goşgular | Просмотров: 158 | Добавил: Bagabat | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
"Aperin" diýäýmeseň, söz ýok.
Soňky döwür şunuň ýaly sykyla-sykyla diňe "löti" galdyrylan zatlary çakdan aşa gowy görüp ugrapdyryn.
Ol-bi edebiýat žanrlaryny ömrüň dürli-dürli döwürlerinde halap-halamazlygam, edil bäbeklikde öler aşyň süýt, oglanlykda süýjidi-miwe, ýigitlikde etdir-şerbet, orta ýaşda batyrma, çorba, ýeňiljek işdäaçarlar bolşy ýaly bir zat bolara çemeli.
Irräk döwürler munuň ýaly zatlary düýbünden halamazdym. Çerezçur ("hetden aşa" bolýa-da bizkiçeleseň :-)), biçak, ýagny gereginden artyk simplisitiw (sada, ýöntem), şol birwagtda-da many-mantyk taýdan örän, örän pretensioz (has çylşyrymly, çylşyrymlaşdyran bolmak) samowypýaçiwanýeden (bizkiçe: "öz-özüňi sereşlemek" bolýon bolmoly :-)) depme-dykyn zatjagazlar hasaplaýardym.
Indi beýle däl.
Nämedenkä?
"Uzynyň akly giç geler" diýilýäninden bolsa-ha, beýlebir uzynam däl. Ortaboý.
Ýa "poznyý zažiganýe" (giç otlanýan) diýilýänimikä :-)?
Onsoňam Ýan Rybowiçiň we onuň ýalylaryň döredijiligi, ömri hakda bir zat belläsim gelýär: Arhimed, hamana: "Maňa diregini berseňiz men Zemini ýerinden süýşürerin" diýipmiş. Diýjek bolýanym Ýan Rybowiç ýalylaryň eserlerem edil Zemin saýýarasy ýaly mähnet hem agyr, gozganmany juda, juda kyn görýän ynsan aňyny, kabul edişini ýerinden sähelçe-de bolsa "süýşürip" (gozgap) bilýär.
Belki şoň üçindir, olar ýalylar gaty bahym bitirmeli işlerini bitirip, ynsan aňyny (köpçülik, jemgyýet we döwür manysynda), ýerinden süýşürýärler-de, derrewem ýitip gidýärler.
Kimsi Ýan Rybowiç ýaly özüni heläkleýär.
Kimsi Gurbannazar Ezizow ýaly atdanlykda (?!) atylýar.
Kimsi 17 ýaşyna 10 müň surat çekmäge ýetişen nakgaş gyzjagaz Nadýa Ruşewa ýaly köwşüni geýmekçi bolanda eglip, insult bolýar-da, tarpa-taýyn jan berýär.
Kimsi Annasoltan Kekilowa ýaly öz ýaşaýan sosiumyna, öz döwründe jemgyýeti dolandyrýan ulgamyň düzüm gurluşyna sygyp/ýerleşip bilmän, 27 ýaşynda dälihana ýerleşdirilip, aýny döretmeli, ýaşamaly wagtynyň 12 ýylyny şol ýerde çüýräbem, Pyragy atamyz aýtmyşlaýyn: "kyrkdan soň aýyl bolsa adamzat" bolup, aklynyňam, zehininiňem ýetişip, taplanyp, tüýs "men" diýen möwritinde, jebir-jepalara tap getirip bilmän aradan çykýar.
Kimsi, Osip Mandelştam ýaly zalym hunhoryň emri bilen türmäň tozanyna üwelip, ýok edilýär.
Kimsi Wladimir Maýakowskiý, Sergeý Ýesenin, Aleksandr Blok, Wladimir Wysoskiý ýaly öz daşlaryny gurşaýan dünýä bilen ylalaşmajak bolup, boýnalyk bolmajak bolup özlerini neşedir-arak bilen içlerinden tütedip, ýakyp ýok edýärler.
Kimsi Puşkindir Lermontow ýaly jemagatyň ykrar eden dessurlarynyň hatyrasyna garabaşlaryny orta goýup, ir gidýärler.
Kimsi bolsa... heniz düzüwli ýaşabam başlamadyk, entek dünýäniň ýaňybir çetjagazyndan gädip başlan ýigit Eziz Amannazarow ýaly, özüni bu dünýä ýa-da bu dünýäni özüne rowa görmän, gaýyp bolýar.
Kimsi bolsa Bapba Gökleňiňki ýaly tüýs sada halkyň dilinde täzeçe nämedir bir zatlary ýaňybir sözlemäge başlanda, pajygaly ýagdaýda ulagyň aşagynda heläk bolýar...

0
2 Bagabat  
43
Kimsi bolsa Bapba Gökleňiňki ýaly tüýs sada halkyň dilinde täzeçe nämedir bir zatlary ýaňybir sözlemäge başlanda, pajygaly ýagdaýda ulagyň aşagynda heläk bolýar...
...Bu mysallara ser salanyňda, Ýan Rybowiç ýalylaryň “bilmek ýüküni” edil dünýäniň özi uzak wagtlap gerdeninde saklamaga tap getirip bilmän, olardan bahymrak dynmaga dyrjaşýan ýaly duýgy döreýär.
Türkmençilikde köneden gelýän bir ynam bar: Hamana Tükeniksiz Älemleri ýaradanda Rebbimiz, özüniň söýen jandarlary bolan ynsanlaryň, özüne düýbünden ýaramaýan bikärlikde, bipaýan bigamlykda ýaşap, öz nurundan ülüş bölüp ýagtyldyp beren köňlüni, tultuk bimanylykda lejikdirip, läbigi-goýultmaga dönderip, özlerem lezzetiň ömürbaky ser-sepilligindäki çuňňur manysyz, haýwany eşret süpügine öwrülmezlikleri üçin, Älemleň bir ýerinde özüniň iň pynhan syryny – Keremli Allatagalaň syryny gizläp goýanmyş. Şoňa ýetmek we şol BEÝIK SYRY ýormak mümkinçiliginiň bardygynyň duýgusynam Adam atadyr How eneden başlap kyýamat ahyra çenli dünýä injek, ýaşajak iň soňky ynsana çenli ruhlarynyň bir ýerine salyp goýupmyş.
Onsoň ynsanam akylly-akmak, däli-sersag, dana-adaty... – her kes özi bilip-bilmän, düşünip-düşünmän ömürboýy şol syryň, şol matalyň ýorgudynyň gözleginde sergezdanmyş.
Kimse hünärinde üýtgeşik bir görlüp eşidilmedik belentliklere ýetmek arkaly şol syryň çözgüdini tapjak bolýarmyş.
Kimse özüniň döredijiligi bilen şol syry özüne aýan etmäge dyrjaşýarmyş
Kimse baýlyk toplamaka arkaly, kimse häkimiýete, wezipä ýetmegiň üsti bilen şol syryň tapmaçasynyň açyljakdygyny gümürtik syzyp gezýärmiş.
Sopular zikr edip, ahwala ýetseler, keşişler transa girip, nirwana ýetseler, öz işine jany-teni bilen berlen psihologlar meditasiýaň üsti bilen ahyrsoňy şol syryň änigine-şänigine ýetjekdiklerine uýýarmyşlar...
Onsoň şol syry ýorup bilen ynsanam, Haktagalaň çäksiz gudraty, ümmülmez rehim-şepagaty bilen, şol syryň ýorgudyny ulile jar etmäge ýetişmänem, ir ýogalýarmyşlar. Eger-de olar öz ýoran syrynyň manysyny ýaýmaga ýetişäýen ýagdaýynda-da, özgeler onuň aýdanyna doly düşünmän galýarmyş...
..Şol syry ýoranlaryň öz aýanlyklaryny aýdyp bilmän ýa-da aýtsalar-da düşünilmän gitmekleri, nämüçin: “Perwerdigäriň bimöçber rehim-şepagaty”?
Sebäbi syr ýorulsa, olam hemmelere mälim bolsa, onda şol ýorandan gaýry bendelere ymtylara, dyzara näme galjak?
Eger-de küpür gepleýän bolsam, Eziz Allam günämi geçewersin, ýöne, kim bilýä, belki ahyrzamanyň aklam, göwnem ejiz ynsana mälim edilmedik şertleriniň birem - şol syryň hemmelere düşnüklije, sadaja edilip ýorulmagydyr...

0
3 Bagabat  
43
Ýene-de bir bellemeli zat.
Şu stilde Ýan Rybowiçiň ýazanlary bilen Ybraýym Badahşanyň şygyrlary hörpdeş gopýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]