13:50

"Özüñe nesip etsin!"

"ÖZÜÑE NESIP ETSIN!"

- Be, şu Anna wala-waladan bizar boldum-aý, haçan görseñ, ýoldadyr özem. Sen işlimiñ-işsizmiñ, oña seretmez. Ýanyñda dikilgazyk bolup samahyllap durandyr. Gelen badyna: "Geçip barýardym-da, salamlaşaýyn diýip sowuldym" diýer-de, dünýäñ gürrüñini eder, pah-pah, oñ tanamaýanam ýok, tüýs wala-wala diýseñ, wala-wala-da.
- Ýak, goñşy. Şondan dynmañ, gutulmañ tärini öwredeýinmi!
- Gaýrat et-de, öwretsene!
- Heý şonuñ senden pul soran wagty boldumy?
- Wah, goñşy, dek düýnem sorady.
- Soran puluny bäş-alty günden getirip bereweri! - diýip, ber bakaly, nädersiñ soñ töwerekde şony göräýseñ.
- Be, olam-a bolman durjak däl eken welin, birine "Bir zat ber" diýseler, meñki bolanok-da.
- Aý, onda goñşy, ýagyñ özüñe nesip etsin!

Aýna ATAÝEWA.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 387 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Aýna Ataýewa | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]