14:19 Päk wyždan hakynda hekaýat | |
PÄK WYŽDAN HAKYNDA HEKAÝAT
Durmuşy ýatladyp jadyly düýşi, Ýaşapdyr bir zaman bir halal kişi. Ömründe duşupdyr kän baýlyk, altyn, Ýöne ol hakyny iýmändir halkyň. Päk ýüregi çalyp bir täsin mukam, Halal haky bilen oňupdyr mydam. Düzüw saklapdyr ol niýet-pälini, Düşmändir şeýtanyň hile-alyna. Bir bolşuny saklap ýaşan ol kişi, Başy aman, rowaç alypdyr işi. Zandy, kalp ýüregi bolansoň oňat, Hemme kişi oňa goýupdyr hormat. Ile kän ýagşylyk eden ömründe, At-abraýly bolup ýaşan döwründe. Päk wyždany etseň mydam başa täç, Ýollaryň ak bolar, işleriň rowaç. Eziz YKBAL. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |