08:52 Penjire | |
PENJIRE
Bu gün dünýä seredere Edingin sen giň penjire. Mydam, pursat tapan wagtyň, Penjiräňden bakan wagtyň Gazaply gyş ýaly geçmiş, Ýowuzlykdan doly geçmiş Syryp ýüzden peredesini, Oýlandyrsyn bir dem seni. Şonda ata-babalaryň Diňläp hasrat-nalalaryn. Dertlerin paýlaşyp daýym, Ýetirsiň sylag serpaýyn Hem diň salyp sen böwrüňe, Guwanarsyň öz döwrüňe. Soňra ýüzüň öwrüp beýläk, Arzuwlardan arzuw saýlap Dursaň, bahar ýaly geljek, Aýdym sazdan doly geljek Buýsançlara bolup hemdem, Gol bulasyn saňa herdem. Synlap onuň gowluklaryn, Bagtly agtyk-çowluklaryň Eşdip alkyş sözlerini, Ýiteldersiň gözleriňi Hem diň salyp sen böwrüňe, Guwanarsyň öz döwrüňe. Şu zatlara syn edere Gerek saňa giň pejire. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |