16:46 Poeziýa | |
POEZIÝA
Poeziýa - eşdilmän diñlenýän owaz, Poeziýa - ol baky gutarmaz sowal. Poeziýa - dikelýän aýanlyk däldir, Ol gola tutdurmaz gussaly päldir. Poeziýa - salgyma ymtylmaklyk däl, Onda bol zatlara gultunmaklyk kän. Poeziýa - ejiziñ gözdäki ýaşy, Giden harasatdyr töwerek-daşy. Onda başlangyç ýok, onda ahyr ýok, Onuñ çägin gören ýalñyz şahyr ýok. Onda säher süýdün emibem bolýar, Onda çäkden çykyp eñibem bolýar. Ýer astyny, älem düýbün görmek bar, Onda başyñ sallap, aglap ýörmek bar. Poeziýa - Älemiñ hany-many Ölenleñ mazara girmedik jany. Allamyrat RAHYMOW. | |
|
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |