23:46 Söz galar | |
SÖZ GALAR
Ynsan geler jahana, Ynsan gider, söz galar. Geçilmedik ýollara Aýak bassa yz galar. Ötüp tupan-ýellerden, Uç-gyraksyz çöllerden, Müñ hupbatly ýollardan Iner geçer, düz galar. Ataş bolsa gözünde, Mähir bolsa sözünde, - Çyn gözeliñ yzynda Ogryn bakan göz galar. Geçer gider bu günler. Oñ gadyry soñ bilner. Yşka düşse göwünler, Bir mukaddes söz galar. Täsin mukam döredip Köñüllerde ýer edip, Doñbagyry eredip Dutar synar, saz galar. Ömrüñ ýetmänkä gyşa, Ýazda manyly ýaşa, Bu ajaýyp durmuşa Köpler geler, az galar. Allamyrat RAHYMOW. | |
|
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |