15:04 Goýup giderin | |
GOÝUP GIDERIN
Bir gün taşlap belendini-pesini Munda bakylyga uýup giderin. Pederleriñ, toprakdaky sesini, Onki süññüm bilen duýup giderin. Ýyllar ätläninde uzaga sary, Belki hem ýatlanmaz bu zatlañ bary. Yzymda galdyryp pynhan naçary, "Maña garaşgynyñ!" diýip giderin. Sowal köpdür bu topragyñ ýüzünde, Dowam köpdür belendinde, düzünde, Çölde gezen boz maralyñ gözünde, Ýalñyz setirimi goýup giderin. Gördüm ýagşysyny, ýamanlaryny, Gördüm göz açanyn, ýumanlaryny, Duýgynyñ şu çaka dymanlaryny, Bir gün giñ sähraña ýaýyp giderin. Muña gelen gider ýykylyp, ýykyp, Muña gelen gider delmuryp, bakyp, Bir gün hanjar kimin gynymdan çykyp, Hem gyýylyp hemem gyýyp giderin. * * * Ilden pynhan söýen näzli dildarym, Asman bilen Zemin arasyn ýar-da. Okla sen özüñi zemin üstüne, Menem seni bagra basaýyn bärde. Besdir indi uzaklardan sözleşmek, Indi señ goýnuña ýakyp bolaýyn. Ysgap-ysgap alma ýaly ýañagy Menem bir gün bagt gujagna dolaýyn. Allamyrat RAHYMOW. "Garagum" žurnaly, 1992 ý. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |