18:08 Pursat | |
PURSAT
Kalbymyza duýgy bolup guýulan, Garlawaçly ýazlar geldi Diýara. Gyz lebi deý gülaplanan, goýalan, Hyjuwlar joşupdyr ylham oýara. Bak ahyry, terligine jahanyñ, Awara ýelleriñ mukamyn diñle. Ömri gysga, eli açyk baharyñ, Ähli sahawatyn doldur sen köñle. Agramly oýlardan saplansyn beýni Hem biraz ýeñlesin ýüki gerdeniñ. Köñülleñ dañ säher oýanan meýli, Ýelek deý bir ýana serpsin ýorganyn. Pajarly pikirleñ hemrasy bolup, Ählu halallyga çykalyñ hossar. Bahar kämilligin ýürege salyp, Ýeñişli menzile ömrümiz gyssar. Adamdyr bar zatdan beter söýülen, Mümkinçilik bardyr yzyñ goýara. Kalbymyza duýgy bolup guýulan, Garlawaçly ýazlar geldi Diýara. • DILEG Mähir küýsäp egbaram, Gözlem sende eglärem. Dar köñlüme ber aram, Dinim, Kuranym meniñ. Asmanymda Tañry bar, Ýerde onuñ emri bar. Rehmetiñe hyrydar, Başym goranym meniñ. Geçgin barça günähim, Diñläwergin meñ ahym. Iki dünýäde şahym, Ýalñyz çyragym meniñ. Gör, ykballar gül açmyş, Köñül bagta ulaşmyş. Umytly men ýol aşmyş, Bolma yragym meniñ. Aşyr BERDIÝEW. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||