17:58 Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat | |
Sadaka soraýan gedaý hem husyt hojaýyn hakynda hekaýat
Gedaý işigini kakyp bir öýüñ, "Men aç" diýip duýdurypdyr ýagdaýyn. Ol öýüñ eýesi - bir husyt gende Diýen: "Berjek welin, çörek ýok mende". Gedaý oña şeýle diýipdir şo hal: "Bir bölek et berseñ, bolardym hoşal". Öý eýesi aýdan: "Bilip goý, gedaý, Etçiniñ dükany däl ahyr bu jaý". "Bolmasa, az-owlak unuñam ýokmy?" "Men kilwan däl ahyr, nä göreñokmy?" "Onda suw bir eçil dolduryp gabym". "Görýäñ-ä bu ýerde ýokdugny ýabyñ". Öý eýesi husytlygnyñ derdinden, Ol näme sorasa, gopan tersinden. Gedaý öýe tarap uranda gadam, Hojaýyn öñünde keserip şo dem, Diýen: "Nirä gelýäñ, ataña nälet!" "Etmekçi öýüñde ullakan täret. Ötmese käse suw, döwüm nana-da, Parhy ýok bu öýüñ hajathanadan". | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |