00:40 Sag bol! | |
SAG BOL!
Türkmenistan, geldim seniñ öýüñe, Ýüregiñ giñ seniñ, nygmatyñam bol. Enemden öwrenen bolsam-da dili, Men türkmençe gepläp, diýýärin: - Sag bol! Geñ haly dokaýan çeper ellere Diýýärin: - Sag bol! Çöle hötde gelýän mert nesillere Diýýärin: - Sag bol! Dostlarymyñ ýazýan täsin şygryna Diýýärin: - Sag bol! Gyzlañ gözleriniñ öçmez nuruna Diýýärin: - Sag bol! Seniñ ýigitleriñ pälwan güýjüne Diýýärin: - Sag bol! Müñläp alkyş okap olañ işine, Diýýärin: - Sag bol! Köp minnetdar bolup, doganym, saña, Diýýärin: - Sag bol! Giñ ýazylan dostluk desterhanyña Diýýärin: - Sag bol! 08.05.1961 ý. Mark MAKSIMOW, rus şahyry. Terjime eden: Şäher BORJAKOW. | |
|
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |