02:21 Sallançak | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶SALLANÇAK Meniň sallançagym - Ýerbendiň çöli. Guma surat çeker mylaýym ýeli. Atanyň guwanjy, enäniň eli Meniň üçin näçe yhlas edipdi. Bulutlar düýrüger obaň üstünde, Ene göwsün gerer çagaň üstünde. Otyrkaň ýalaňaç çägäň üstünde Göwnüň Kap dagyna telwas edipdi. "Nowbahar oglumsyň, balamsyň" diýlip Ösdüň atalanyp, ulaldyň söýlüp. Ýaş gelinler seni maňlaýa sylyp Ogul dogurmaga höwes edipdi. Oýdan ugrap başga oýda düşledik, Göçdük, gonduk, ýazladyk hem gyşladyk. Ýanar çölde ýykanynda teşnelik Ýagşylaryň biri halas edipdi. Tiz sowulyp säherleriň sergini, Gün gitdikçe güýçlendirer howruny ...Takdyr Luw ýylynda ýazyň bir güni. Guba çöli bize miras edipdi. | |
|
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |