06:43 Sen | |
SEN
Goşgular
Sen juda ajaýyp, hem-de aýlyganç, Otdan alyp, mydam suwa salýarsyñ, Ýüñ saýan deý saýýañ täsinsen saýgyç Pişge edip Gök deñine galýarsyñ. Soñam meni sümek edip süýersiñ Egirseñ ýüp ýada güllän keçe men-- Näme çykar? Näme çyksam söýersiñ! Sen bolmasañ dünýä bilmez öçenim. Meniñ barym, yada meniñ özümsiñ Sende ýatyr çözülmedik matalym.. Kalpda ojak - kül içinde közümsiñ, Seniñ bilen dem alyp dur hatarym. Ýyldyzymsyñ, maña ýollar görkezen, Ýogsam sensiz ýatan ýaly çepime. Çetiñ ýokdur, ýüregimde merkeziñ, Erkim sende, hiç gaýtmadym jetiñe.. Hem kalbymda ýanyp duran çyramsyñ, Telwaslarmyñ bolduñ wysally yşky! Gün içre çoýup, gar deý syransyñ, Kalbymy nikalan eý, beýik Goşgy! Oguljemal ÇARYÝEWA. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |