22:33 Seniñ adyñ | |
SENIÑ ADYÑ
Goşgular
![]() Gaýta-gaýta seniñ gaýtalap adyñ, Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünyäde — Sen çykyp bileñok ýadyndan ýadyñ: Kä gussaly gelýäñ, käte — gülýäñde. Bulutlardan ýasap seniñ keşbiñi, Maña pitjiñ atýar bezzat şemalam; Tolkunlaram, aýdyp menden eşdenin, Adyñ bilen özün urýar kenara. Altyn çaýyp deñiz bilen asmana, Gün çümüp gidensoñ durkuna deñziñ, Ýyldyzlaram, bir-birinden öñürdip, Kä adyñy ýazýar, kä çekýär meñziñ. Ömrüm üçin demi bolan ýaşaýşyñ — Señ adyñda Poeziýañ heñi bar, Onsoñ, men nireden tapmalymyşym Señ adyñy unudara ygtyýar?! Gamlanmaga bolsa bahana-da ýok, Ynjytmakdan gorkup, gaçyp gaýtsamam, Hemme zatdan halas eden deñizde Dert bolmakdan gutularyn öýtsemem... Ine-de, duýgymdan joş alan tolkun Çägä ýazyp gitdi seniñ adyñy... Ýa señ adyñ, gorkup unudarymdan, Meñ ýadyma özün ýazan jadymy? Bilemok, Bilmäge goýañok dadym, Ejizligme kinaýaly gülýäñde — Ýadym gaýta-gaýta gaýtalap adyñ, Ýaşap ýörün üýtgeşik bir dünýäde.. Çary ATAÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |