20:28

Senmi?

SENMI?

Böwürlerne sanjy bolup gijeleñ,
Kä surnugyp, kä ýerliksiz tijenen,
Setirlere sygyp bilmän güÿjelen
Däli duÿgularmyñ eýesi senmi?
Ýykdym-ýykyldymyñ söresi senmi?

Müñ gaÿtalap gezer ÿaly adyñy
Ÿa señ adyñ özi maña jadymy?!
Bašga zatdan mahrum edip ÿadymy,
Göwnümiñ iñ süÿji görgüsi senmi?
Hiç üzüp bolmaÿan bergisi senmi?

Adam tapman duÿgularmy añara,
Goşgularmy okap berdim daglara.
Sen bir indi gaÿdyp meni aldama!
Gör, señ näçe gezek gidesiñ geldi!
Gitmediñ.
Ÿa señem gijeleñ menmi?

Sen — derdimmiñ, wagt bejerip bilmeÿän?
Sen berdiñmi ol mukamy — diñmeÿän?
Heÿ, gördüñmi men deÿ takat bilmeÿän?!
Ÿa şol takatlarmyñ ogrusy senmi?
Ömrümiñ ÿalñyşy-dogrusy senmi?

Saña dušup: bilmen, näme — rahatlyk!
Ÿüzün tutup, aglap otyr sagatjyk!
Sagatlar nä!
Aÿ-günleri aglatdyk!
Ömrümiñ ykbaldan algysy senmi?
Ymtylan sa:lgymnyñ salgysy senmi?

Öÿkeläp bilemok,
Bilemok aldap,
Ökünip bilemok, kalbymy daglap —
Galanja günlermem adyña baglap,
Umytda, arzuwda gitjegim belli...
...Gulagym şyñlaÿar:
Ýatlaÿan senmi?..

***
Guwananym barlykmy,
Ant bolup ahlaga men?
Neçüÿn kalbym darykdy,
Añk bolup ahmala meñ?

Saralypdyr saparym,
Ÿeldirgäpdir çapanym.
Haçan gözläp taparyn
Uçanmy Asmana men?

Çar ÿanymy gözlesem,
Diñe haky sözlesem,
Dözülerin, dözmesem,
Šärikmi gassaba men?

Gözlerinden guçanym,
Gözlerine gaçanym,
Berjek kalbyñ açaryn,
Ÿer tapsam asmaga men.

Ykbal bagry girÿandyr —
Täleÿi ters saÿrandyr.
Ahwal maña haÿrandyr,
Haÿranam ahwala men.

***

Kepeýärmi köñülleriñ gussasy?
Şarpykmy bi hökmirowan durmuşdan?
Ýa durmuşyñ endik bolan kyssasy
Ýadadymy bu ataşly gurluşdan?

Darydan kän günler darykdymy ÿa
Bütin ömre dowam etjek heserden?
Duÿgulañ öz göwni galypdymy ÿa,
Göwün edip, ÿazylmadyk eserden?

Görmez gözi güÿçli saÿan aÿralyk
Uzap barÿar, boÿun bolup durmuša,
Bu duÿgular, güÿz gelmäkä, saralyp,
Ÿesir düşdi belki gelmejek gyşa...

...Pursatlar... sagatlar... günler... hepdeler
Goşgy bolup gaçyp durlar depdere...

***

Käte-käte seni göresim gelÿä,
Ÿogsa seni söÿmeÿänmem bilÿän men,
Meñ üçin üÿtgänok töwerek, dünÿä —
Öñkim ÿaly şadyÿan men, gülÿän men.

Ÿöne señ, ýylgyryp, syrly bakyşyñ
Hemem ogryn synlaýşyñy küÿseÿän,
Giden wagty nazarmyzyñ çakyşyp,
Birhili üÿtgäsem gelip dur dünÿäñ.

Senem aýdýañ küýseÿänñi käteler,
Ýogsa señem söÿmeÿänñi bilÿän men.
Bu durmuşyñ ÿasalyşy näteñet?!
Haÿranam men ýasalşyna dünÿäñem!

Ukymam ÿerinde,
Ÿerinde sabrym,
Ÿürek sançmasa-da, sojap dur tenim;
Sabrym tükenäÿse, hökman bararyn,
Tenime galsa-ha, barardym telim.

Çünki käte juda göresim gelÿä,
Ýogsa seni söÿmeÿänmem bilÿän men...
Gözlerine bakyp şelaýyn dünÿäñ,
Bilemok men aglaýanmam, gülýänmem...

Çary ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 493 | Добавил: Мylayym | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023
Ölmezinden öñ ogluna ýazylan hat / Goşgular - 22.01.2023
«Нет, я не изменил. До старости глубокой…» / Goşgular - 02.02.2023
Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023
Täze ýylyň iň ilkinji goşgusy / Goşgular - 03.01.2023
Han ýaly ýaşa! / Goşgular - 08.02.2023
Çopantelpek / Goşgular - 06.01.2023
Saňa / Goşgular - 06.01.2023
Послание П.Н.Каратееву / Goşgular - 11.02.2023
На пятидесятилетие музы 29 января 1889 года / Goşgular - 29.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Banuçiçek  
1205
"Senmi" gaty ajaýyp goşgy eken. Maňa diýseň ýarady :) .

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]