13:30 Söýginiñ derdini çekýän... | |
SÖÝGINIÑ DERDINI ÇEKÝÄN...
Söýginiñ derdini çekýän bir özüm, Şol ýalan söýgi diýip gyýylyp ýörün. Gülmedi gözlerim, gyzardy ýüzüm, Ýüregim gaçan deý düýbüne kölüñ! Gözlerim göz ýaşdan, kütelip gitdi, Mylaýym seslerim durkundan ýitdi, Gursagyma çykmaz o:t goýup gitdiñ, Ýaşaýañmy gülüp, meni aldañ soñ?! Harasat turýar her gün ýürekde, Injalyk berenok, ejizje göwnüm. Maña indi hiç bir söýgi gerekdäl, Ymydygär kalbym, saralan düwün... Indi hiç wagt solan ýüzüm güldürmen, Ýüregimi iki gezek öldürmen, Şem ýaly göwnümi baky söndürmen, Haram bolar senden başga "Ýar" diýsem... Göwnüme bolmasa sen geljek ýaly, Meniñ gadyrymy bir gün bilersiñ, Hemmesi sen diýip kökenek bolmaz, Meni gözläp ýeri köwüp gelersiñ! Unutma ömür täkdir ynsana, Edeniñi görersiñ-dä men ýaly. Men-ä seni janym bilen söýüpdim Wah, sen diýip sönüpdirin şem ýaly... Aýgül ATAÝEWA. | |
|
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |