12:01 Şu gije | |
ŞU GIJE
Mejnunam azaşan däldir çöllerde, Gidendir ol Leýliň gözlerne sary. Ýitir menem tümlüginde saçlaryň, Soňam gözläp, özüň salaýma derde, Men bolmanda dünýäň näme azary, Dünýäň özi maňa gerekmi häzir. Tolkunlar urunýar derýaň başynda, Meniň gujagymda saçyň bulaşýar, Gaşlaryň ýazylýar, Goşgym ýazylýar, Humar bolup Akmaýanyň süýdünden, Düýbünden tagamy süýjeýär dünýäň, Şemal gözün jyklap, gidýär aýlanyp, Janym güýz ýapragy deý tüýdüm-tüýdüm hem Bu gijä aşyk men,ýöne,dilberim, Başa uraýynmy galan gijäni, Gaýdaýsaň öýňüze düýşden aýňalyp. Serdar AÇYLOW. | |
|
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||