11:00 Türkmen oglany | |
TÜRKMEN OGLANY
Goşgular
Garañkylyk sowlup gitdi bireýýäm, Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy. Kanalmyzyñ köprüsiniñ üstünden Kombinzonly türkmen oglany geçdi. Güldürip owadan goýun gözlerin, Daş köprüden bäri bakan pillesi, Ol gözler şeýle bir jadylap meni, Dikildi ýüregme yşgyñ güllesi. Töwerege aralaşyp ümsümlik, Bulutlar seýl etdi mawy asmanda, Ýüregimi ýesir edip ýüregne, Özüm gitdim, ýürek galdy şol ýanda. *** Söýemok men bu jahanda Ýaranjaklap gün görmäni. Ýagşy görýän beýle günden Öz ajalma jan bermäni. Niçik bolar şemal ýaly, Çar tarapa öwsüp dursam? Ýan bermeli bolar onda, Garşymda gaý, tupan görsem. Dönmerin öz pikirimden, Atsalar-da ýanar oda. Ömrüm boýy hyzmat etjek ”Ynsan” diýen belent ada! Annasoltan KEKILOWA. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |