01:01 Uruş ýyllarynyñ çagalygy | |
■ URUŞ ÝYLLARYNYÑ ÇAGALYGY
Uruş turdy gül ömrümiñ başynda, Adam baryn sordy durdy durdy demine. Gidenleñ suraty - gözleñ ýaşynda, Uruş çagalygam saldy çemine. Uruşdan uzakda girdik uruşa, Atalaryñ, agalaryñ yzyndan. Uruş müñ külpetler getirip başa, Dört ýyllap düşmedi çaga dyzymdan. Göreşdik Watany goraýan soldat, Hor bolmasyn diýip, azyk-huruşdan. Çagalar gülende bu dünýäm abat, Çagalygym gaýdyp gelýär uruşdan. ■ ÖMÜR Kesekiñ topragna gözün gyzdyryp, Alysa gaçyryp ömür ýyldyzyn, On sekiz ýaşynda gitdi dünýäden, Dostum, adam ömri ne beýle uzyn?! Watanyñ topragyn gorap bir gerçek, Hüjümde kesekiñ topragna geçip, On sekiz ýaşynda gitdi dünýäden, Dostum, adam ömri gysga, gör, niçik?! ■ URUŞDAN SOÑKY AHWALAT Bu öýde ýaşaýar ene hem ogul, Üç adamlyk töläp jaý üçin haky. Üçünji ýaşaýar diwar ýüzünde - Surat bolup galan ol esger baky. Bu öýde ýaşaýar ene hem ogul, Diwardaky surat - umydyñ keşbi. Ene ineriniñ boýna guwanýar, Agyn kakasynyñ özi deý deşli. Olar ynanýarlar diriligine, Ynanýarlar biri-birinden beter. Uruşdan gaýdandyr biraz gijiräk, Bir gün-ä, bir gün-ä ol gelip ýeter... Ene hem özünden, hemem oglundan Bir syry gizleýär, Gizleýär gaty: Ýygşyrypdy arkasynda suratyñ, Ýarynyñ ölmüne güwägär haty. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |