16:58 Watan seni söýdügimdir | |
WATAN SENI SÖÝDÜGIMDIR
Aşyk bolsam ýazlaryña, Watan seni söýdügimdir. Hüwdülesem balalarmy, Seniñ waspyñ diýdigimdir. Ojagymy aýadygym, Watan saña goragymdyr. Owal-ahyr aýra düşsem, Şu watan meñ soragymdyr. Gerek bolsa watan saña, Şirin janym gaýgyrmaýyn. Söýgim kändir gursagymda, Söýýän diýip gygyrmaýyn. Saçagymda duzumsyñ sen, Ojagymyñ ody watan. Öz öýümdir başlangyjyñ, Şony gorap bagta ýeten. Watan seniñ, bilbiliñ men, Tä ölinçä saýrap durjak. Başlangyjyñ bagt saýyp, Ony mydam gorap ýörjek. Iñ mukaddes hemaýatym, Janym watan, saña meniñ. Säher çagy dilegimdir, Ak ýollaryñ, watan seniñ. | |
|
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |