19:07

Ýandepderçedäki ýazgylardan

ÝANDEPDERÇEDÄKI ÝAZGYLARDAN

Adamlar göýä ýüz görülýän aýnadaky şekiliň kysmydyr: gaharlansaň — gaharlanarlar, dodak çöwürseň — dodak çöwrerler, ýylgyryp baksaň welin, olaram saňa ýylgyryp bakarlar.

***

Men işden gorkamok, iş bolmakdan gorkýan.

***

Meni saňa satyp bilýän adamyň, seni maňa satmajagyna ynanýarmyň?!

***

Meniň wagtym — meniň bagtym. Çünki Allatagala: «Ýaşa, işle, hözirini gör!» diýip ömür beren bolsa, onuň her minuty bagt ahyryn!

***

Nämedir bir zadyň ogurlansa tapyljagyna umyt etse bolar, emma wagtyňy ogurlasalar welin, tapyljagyna umyt edip oturma.

***

Adamyň bideregi wagtyňy ogurlar, wagt bolsa bagtdyr!

***

Perzendi gowy görmegiňem öz çägi bar, şol çäkden çykylsa soňundan ökünmeli bolarsyň.

***

Perzende yssy mähiriňi ber, ýöne yssylyk öte bolanda süýdüň kesilýändigini-de unutma.

***

«Çagaňa diňe pul berip ýörmän, terbiýe-de ber» diýseň, käbir adam perwaýsyzlyk bilen: «Aý, terbiýäni wagty gelende durmuşyň özi berer» diýýär. Şeýdip, ol çagany bolmaz derejä ýetirýär. Durmuş bolsa diňe boljak çagany adam edýär, bolmajaga durmuşyňam çäresi ýok.

***

Çagaňy depäňe çykarsaň, ulalansoňam ol ýerden düşesi gelmez. Ýöne kiçijikkä agramyny duýmadygam bolsaň, ulalansoň ony götermek juda kyn bolar. 

***

Gyz ýetişse ejesiniň elinden işini alar, ogul ýetişse kakasynyň elinden maşynyny alar.

***

«Ulag alysyňy ýakyn edýär» diýip gaza münüberme, has alysyň ýakyn bolmagy ahmal.

***

Okumyşlygyň miwesi — hiç zat bilmeýändigiňe göz ýetirmek.

***

Bir ýol bilen redaktoryň kürsüsini eýeläp bolar, emma redaktor bolup bolmaz.

***

Agzybir boluň, sebäbi goh-galmagally ýerden, ol-a döwlet guşy eken, beýleki guşlaram ürküp uçýandyr.

***
Ýer + der = zer.

***

Halal aýlyk + haram baýlyk = ahy-waýlyk.

***

Iman + güman = duman.

***

Bir aýalyň bar ýerinde iş gider, iki aýalyň duşan ýerinde gybat başlanar, üç aýalyň üýşen ýerinde — sene-mene.

***

Aýalyň ärsizinden gork, erkegiň kärsizinden.
***

Gybatdan gaçasyň gelse, aýallardan gaç!
***

Adatça, biriniň adyny agzaman-a gürrüň edip bolanok, onda ähli gürrüň gybat bolýar-da?!

***

Gybatdan daş durmagyň iň gowy ýoly — dymmak. Ýöne olam hemişe başardyp durmy näme?!

***

Ýylgyran ýüz owadan diýip ähli ýylgyryşlara maýyl bolma, çünki käbir ýylgyryşlar seni özüne maýyl edip, soňundanam Ezraýyl kimin janyňy alýar.

***

Käbir ýollarda ýerasty geçelge edip, soňundanam ondan adamlaryň geçesleriniň gelmeýändigini aýdýarlar. Şeýle bolsa, geçelgäni ýoluň ýokarsyndan etmek gerek. Sebäbi hiç kimiň (hatda ýoldan geçmek üçinem) ýeriň astyna giresi gelenok. Galyberse-de, adamlar aşak düşeninden, ýokary galanyny kem görenoklar ahyryn.

***

Adamlaryň, onda-da özüni erkek saýýan kişileriň öýkeleginiň ýüzüne köz degsin!

***

Wezipe kimi terbiýeleýär, kimi bolsa sandan çykarýar.

***

Kim bolaňda-da özüňi Hudaý saýmak Hudaýsyzlykdan nyşandyr. Hudaýsyzlyk bolsa ynsanlyk sypatyňy ýitirmekdir.

***

Biriniň säwligini ýa-da ýalňyşlygyny bagyşlap bilmedik kişi iň pes kişidir.

***

Bagyşlap bilmek, geçirimlilik mertlikdendir.

***

Gursagynda «men-menlik» dörän kişiden gaçyň, çünki ol öz «meninden» başgany adam hasabyna alýan däldir.

***

Biriniň ýörän ýeri ýoda bolar, köpüň ýörän ýeri — ýol.

***

Ýolbars ölse, mör-möjekler toý eder.

***

Aýal başa çyksa, erkek daşa çykar.

***

Gamşyň nähili boljakdygy kimiň eline düşenligine baglydyr: bir adamyň eline düşen gamyş ajaýyp owaz bilen ynsanlaryň göwnüni göterer, ýene bir adamyň eline düşen gamyş bolsa aýak astynda guma garylyp, ýitip ýok bolup gider.

Döwran AGALYÝEW.

Категория: Sözler | Просмотров: 496 | Добавил: Нawеran | Теги: Döwran Agaly | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]