23:22 Ahyrky peslik | |
AHYRKY PESLIK
Goşgular
Göwni pesi il beýge göterýändir, Tersine bor özün beýik tutýanlar. Göwni kiçi uly bagta ýetýändir, Bu durmuşda pälipesler utýarlar. Ýöne welin ruhuňy pes tutmagyn, Durmuşy söý, söý iliňi, käriňi. Kynçylyk duş gelse gussa batmagyn, Yhlas etseň taparsyň oň tärini. Işden gaçma, iş ýeňýändir dertleri, Zähmetdedir saglyk, rysgal hem şowluk. Der bilen çykýandyr kalbyň gertleri, Gertsiz kalpda mesgen tutýandyr gowluk. Kalby gözel kişiň pes bolar päli, Özi agras, sözünde bolar many. Çünki jan çekmezden gelen pul ýaly, Halal gazanç aýnatmaýar ynsany. Pul görseň aýnamak däldir ýagşy päl, Ýeňlesi aýnadýan bäş gün meslikdir. Aýnan bolmak aýala-da gelşik däl, Erkek üçin-ä ol ahyrky peslikdir. Aprel, 2020 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |