20:40 Ýazylmadyk kanun | |
ÝAZYLMADYK KANUN
Biziñ obamyzda bir goja bardy, Gürrüñ biýr. Gürrüñem erteki ýaly. Zähmetsöýer. Hasasydy kepjesi, Dilem bir süýjüdi eşrepi ýaly. Ne-hä ogly bardy, Ne-de bir gyzy. Agasam ýok. inisem ýok. Ýegenem... Obasynyñ gynanjyna gynandy, Gezip ýören begenjine begenip. Goýýardy ol baryn-ýogun ortada, Hiç haçanam gapysyna gulp urmaz. "Horaz süýji" alar pensiýasyna, Içinde gep, kisesinde pul durmaz. Milletem näbelli, Adam näbelli. Uly-kiçi oña diýýärdi "Baba..." (Baharyñ bir günem birje gün ýatdy.) Babasyn ýitirdi bu uly oba. Kim aglasyn soñky ýola ugranda? Kim atsyn gabryna bir gysym gumy? Ses etmezden... Entek iñ soñky ýola Biziñ oba ugratmandy hiç kimi. Kimler "Dogan!" diýip, süýndi bosaga. Kimler "Ata!" diýip göterdi egne. Ýigitler bir gysym gum atdy gubra, Gelinler ses etdi perzent deregne. Aslynam, neslinem, neberesinem... Soralmady. Ony hiç kim bilenok. Ýazylmadyk kanuny bar obamyñ: "Adam bu jahana ýalñyz gelenok!" Alty AKMÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 30.01.1987 ý. | |
|
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |