11:49 Ýene hakydamda oýandy keşbiň | |
ÝENE HAKYDAMDA OÝANDY KEŞBIÑ
Goşgular
![]() Ýene hakydamda oýandy keşbiň, Şadyýan gözleriň göresim geldi. Alawladyp ilki söýgümiň yşgyn, Soguryp ýüregmi beresim geldi, Ýekeje ýylgyrşyň öwezne, ýarym, Kaýyl men bermäne ömrümiň baryn. Şeýdip meň küýsegim çykýarda üstün, Alyp gidýär meni ýaşlygma sary. Şu duýgyň öňünde asgyn men, asgyn, Ençe ýyl geçsede şol günden bäri. Göwnüme bu zatlar bolupdy dek düýn, Kalbymda kiçijek umyt döredi. Ýaşlygymda galan ilkinji söýgüm, Alyslardan mähir bilen garady. Şol mähir siňýärde meniň süňňüme, Janlanýar aňymda ýüzüniň nury... Ýöne şol günleri gaýtarmak üçin, Az bolýar, az bolýar, az bolýar eken, Zeminde ýerleşýän baýlyklaň bary. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |