18:43 Ýene ýagyş ýagýar... | |
ÝENE ÝAGYŞ ÝAGÝAR...
Goşgular
![]() Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga, Ýene ýagyş ýagýar gaýraky çöle. Ýagyşa ezilip barýar bir çaga, – Üşärsiň! – diýýär-de, telpegin ele Garabagyr ene ylgaýar alyp, Ata böwet bolýar onuň öňüne. – Döw çalasy ýok-la! – saklaýar gülüp – Alnynda galyň gar bardyr soňam-a! Ýene-de gar ýagýar ilerki daga, Ýene-de gar ýagýar gaýraky çöle. Oglan öwran-öwran taýdy ak garda, Ýene jany durman howlaýar ene. Ata ýene köşeşdirip saklaýar: – Özi ýykyldy, goý, tursun özi-de. ...Indi ýigit özün guma oklaýar, Oýmur-oýmur bolup barýar yzy-da. Ýene ýagyş ýagýar ilerki daga, Ýene Garaguma ýagýar ak garlar. ...Gaý öňünde gaýa bolup durmaga, Erte üçin bu gün azy ýararlar. 1967ý. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |