21:53 19-njy oktýabr | |
19-NJY OKTÝABR*
Goşgular
Agaçlaryñ al ýapragy döküler, Aýaz kümüş çaýar solak meýdana, Gün tukat görnüşde galyp asmana, Ýene dagyñ añyrsynda bukular. Külbämiñ pejinde ýan, gyzyl ýalyn Güýz sowgunyñ dosty, eý, gözel şerap, Unutmaga ajy gamy bir salym, Şatlyk guý kalbyma janyma ýarap. Dostlarym ýanymda ýok öñki deýin, Kim bar bile içip, derdim basara? Kim bar elin mähir bilen gysara, Kime uzak ömür arzuw edeýin. Täk özüm içýärin, hyýalym meniñ Çagyrýar dostlarmy meñ töweregme. Gelýänini dost-ýarlaryñ, hemdemiñ Ynandyryp bilmeýärin göwnüme. Men ýalñyz içýärin, Newañ boýunda, Dostlarym hem ýada salýandyr meni.. Ol ýerde sanyñyz känmi diý hany? Näçe dost ýetenok dostlañ toýunda? Bu adaty toýda kimler bolmaly? Baky sowuk dünýä gitdi haýsysy? Kim ýok arañyzda? Kimler gelmedi? Çakylykda kiçiñ çykmady sesi? Gelmedi ol buýra saçly bagşymyz** Güler ýüz gitara saýrar dessinde: Gözel Italiýanyñ oty astynda Sessiz baky ýatyr biziñ ýagşymyz. Onda ýazylmady ene dilinde Mazaryñ daşyna ýekeje nama. Demirgazyk ogly hijran ýelinde Entäp ýörkä geler ýaly salama. Ynjalyksyz ýigit, dostlaryñ bile*** Otyrmyñ ýat ýurtda? Ýa-da gezýärmiñ? Tropikde, buzly deñzi ýüzýärmiñ? Ýoluñ açyk bolsun, gez ilden-ile!.. Liseýi gutaryp, korabla geçdiñ, Üstünden ýol salyp deñizleñ-suwlañ! Gaý-tolkunlar bilen oýun edişdiñ. Gözel ýyllardaky ilki häsiýeti Ykmanda durmuşda sen saklap geldiñ: Zarply tolkunlarda ýadyña saldyñ Liseý galmagalyn, hezil söhbeti; Deñiz añyrsynda bize gol berdiñ, Biz hakda ýaş kalbyñ mydam oýlandy, ''Belki, uzak aýralyga ㅡ diýerdiñ ㅡ Gizlin takdyrymyz duçar eýledi!''**** Dostlarym, gowudyr bu agzybirlik! Köñül ýaly birdir hem-de ol baky ㅡ Pugtadyr, azatdyr, gamsyzdyr häki, Dostluk ylhamynda dörän bu birlik. Bagt nirä atsa, bizi atandyr, Öñküligmiz: bize ýatdyr giñ jahan, Sarskoýe selo ata watandyr. Gaý kowdy, ülkeden men ülkä degdim, Çolaşdym täleýiñ toruna girip, Täze-täze dostluk gamyndan irip, Ahyry ýadadym, başymy egdim... Gamly, howsalaly nalyşym bile, Umyt edip başda aldawa gitdim, Kä dosta ynandym çyn başym bile" Olardan duşmanlyk şarpygyn datdym. Häzir unudylyp künjekde menem, Çöl syrgyny, sowuk geçýär bu ýerden, Guwançly şatlyga uçradym birden: Gujakladym jan dek üç dosty ýenem. Şahyryñ kowulan öýüne göni, Eý, Puşşinim, ilki geldiñ-de gördüñ, Bu gezek sürgünde bu gamly güni Liseýdäki şat günlere öwürdiñ. Bagtyýar Gorçakow, señ ilki başdan Täleýiñ gelmegi, bagtyñ ýelgini Üýtgemändir seniñ erkiñ kalbyñy: Takdyr saldy herimizi bir güne, Durmuşa ädimläp, tiz ara açdyk: Uzak ýodalarda duş gelip ýene, Eziz doganlar dek biz gujaklaşdyk. Men kysmatyñ gazabyna duş gelip, Hemmä ýat, bir öýsüz ýetim dek diñe, Gaýda başym egip garaşdym saña. Permes gyzlarynyñ sawçysy bolup, Sen geldiñ, Delwigim, ylham hossary: Öñki joşgunymy, öñki pikirim Oýardy owazyñ, galkyndy bary, Duşuran takdyrdan bardyr şükürim. Çagalykdan bizde aýdym ýañlandy, Ajap tolgunmalar bizde gylykdy, Çagalykdan iki zehin ýolukdy, Olañ mähri bilen ýürek hiñlendi: El çarpylsa söýdüm, oña ürç etdim, Geñini beslediñ sen çola ýerde. Lira hyzmat eden söýmez boş zady, Gözellikde belent mertebe bolýar: Emma welin, bizi aldawa salýar, Ýaşlyk arzuwlary, ýüregiñ şady... Akyla aýlanýas ㅡ emma eýýäm giç! Yza baksak, galmandyr bir yzymyz. Diý, Wilgelm, biz hem şeýle dälmi hiç, Galamdaş biz, ykbaldaş biz özümiz? Pursat geldi, pursat! Emma bu jahan Biziñ ejirimize mynasyp hem däl, Azaşmagy taşlap, ikimiz derhal Durmuşy unudyp, ýaşaly pynhan! Gijä galan dostum, garaşýan saña, Geñ hekaýa bilen göwünleri aç. Kawkaz güni hakda gürrüñ ber maña, Şiller, şöhrat, söýgi hakda aýdyp geç. Men hem toý guraýyn... toý guruñ dostlar! Duýýan şat duşuşyk boljagyn, ine, Ýyl geçer siz bile bolaryn ýene, Şahyryñ sözüne küý beriñ, dostlar, Meñ arzuw etdigim şol günler geler, Size goşularyn, geçeñsoñ ýyllar, Gözýaşlar döküler, şowhunlar bolar, Asmana göterler badaly gollar! Doly guýuñ ilki badany, dostlar! Örän mäkäm dostlugmyzyñ saglygna, Ýaşasyn Liseý diýip, ilçisin tostlar. Ýaşlygmyzy goran arkadagymyz ㅡ Hemmesini öli-diri ýat eýläp, Dolduryp bokaly, içen çagymyz, Ýamany undalyñ, ýagşyny saýlap. Dolduryñ bokaly! Göwün açylsyn, Soñky damja çenli içeliñ, boluñ! Kim üçin içeliñ! Eý, dostlar, biliñ... Sag bolsun Şa! Şa saglygna içilsin. Ol adam! Pursada gidiren erkin, Ol şübhe, hyjuw hem gep guly erdi: Bagyşlasyn nähak horlugyn her kim, Ol Pari£i aldy, Liseýi gurdy. Toý guruñ, biz häzir barkak bu ýerde! Toparmyz kemelýär sagatma-sagat; Gün geçýär, biz solýas şeýle bu halat; Kim uzakda ýetim, kimler gabyrda; Duýdurman garrylyk gelýär sokulyp, Ýakynlaşýas, ömrüñ görünýär yzy... Biziñ aramyzdan bili bükülip, Kim toýlarka Liseý günün bir özi? Bagtsyz dost! Ýaşlañ içinde dymyp, Tukat çyhman, ýat hem artyk bolarsyñ, Ýaşlyk wagtymyzy ýada salarsyñ, Eliñ sandyradyp, gözüñi ýumup... Özüm sürgün, ýalñyz bolsam-da meniñ, Bu güni bir gamsyz geçirşim ýaly, Ýüregiñde hesret bolsa-da seniñ, Şol güni geçirgin tutup bokaly. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. __________________ * 19-njy oktýabr liseýiñ açylan güni, liseýliler ol güni bellär ekenler. ** N.A.Korsakow hakynda. Ol Italiýada (1820) öldi. *** F.F.Matişkin hakynda. Ol deñizçi bolupdyr. **** Liseý gutaranlarynda Delwigiñ hoşlaşyk aýdymyndan. | |
|
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Ýer şar aýlanýar / Goşgular - 09.06.2024 |
√ Sadyk her guly / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Tün gider, gündiz geler, gör, nijesi uz geler... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |