23:02 Zähmet belentdir, adam mertebesi mukaddesdir | |
ZÄHMET BELENTDIR, ADAM MERTEBESI MUKADDESDIR
Publisistika
Zähmet düşünje hökmünde ilkinji adam bilen bile döredi. Emma zähmet haky we zähmetkeşleriñ köpçülikleýin işledilmegi ýaly meseleler dünýäniñ ünsüne Industriýa öwrülişigi bilen bile girdi. Industriýa öwrülişigi XVIII asyryñ ahyrlarynda we XIX asyryñ başlarynda Angliýada bolup geçen birtopar tehnologiki öñegidişlik we ykdysady üýtgeşme bilen başlady. Şol döwürden soñ kapital bilen zähmetiñ arasyndaky çaknyşyk kapitalistik ýurtlardan bütin dünýä ýaýrady. Günbatarda kapitalizmiñ täsiri astyndaky işçiler, aýratynam ABŞ we Angliýa ýaly Senagat öwrülişigini başdan geçiren ýurtlarda agyr şertlerde işleýärdiler. Kapitalistik basyş astynda işçiler günde 17 sagada çenli bary-ýogy üç agy (un, şeker, duz) alyp biler ýaly işlemäge mejbur bolýardy. Surnukdyryjy iş sagatlary işçiler bilen iş berijileriñ arasynda birnäçe düşünişmezlikleriñ döremegine sebäp boldy. Emma işçiler birnäçe ýyla çeken protest demonstrasiýalary bilen iş sagatlaryny kemeltmegi başardy. Şol göreşleriñ iñ möhümleriniñ birem 1886-njy ýylda ABŞ-nyñ Çikago ştatyndaky tekstil işçileriniñ 1-nji maýda "Günde sekiz sagat iş" şygary bilen köpçülikleýin çykyşlar etmegi bilen amala aşdy. Emma çykyşlaryñ dowam edýän wagtynda, 3-nji maýda amerikan polisiýasy ok atyp, dört işçiniñ ölmegine sebäp boldy. Bulam hak-hukuk talabynyñ gana boýalmagyna getirdi. 4-nji maýda bolsa Haýmarket meýdanynda partlama bolup geçdi we ýedi polisiýa bilen dört işçi wepat boldy. Tussag edilen işçileriñ baştutanlaryndan dördi asyldy. Bu wakalar "Haýmarket tragediýasy" ady bilen taryha geçdi we 1889-njy ýylda Parižde geçirilen Ikinji Internasional gurultaýynyñ gün tertibine girizilen esasy temalaryñ biri boldy. 1-nji maý zähmetkeşleriñ güni diýlip yglan edildi we 1890-njy ýyldan bäri işçiler baýramy hökmünde baýramy bellenmäge başlandy. Bu wakanyñ yzysüre bütin dünýäde işçi hak-hukuklary boýunça dürli üýtgeşmeler we göreşler bolup geçdi. Aýratynam XIX-XX asyrlard işçiler synpy dürli hak-hukuklar ugrunda göreşdi. 1-nji maý halkara möçberde Zähmetkeşler we Raýdaşlyk güni hökmünde bellenýär. Işçiler synpynyñ hak-hukuklaryny we zähmet şertlerini gowulandyrmak üçin alnyp barylan göreşleri ýatdan çykarmazlyk üçin bu baýramy bellemegiñ ähmiýeti uludyr. Işçileriñ has oñaýly zähmet şertleri, has adalatly hak-heşdekler, has gysga zähmet sagatlary, beýleki sosoal hak-hukuklar üçin edilen göreşleriñ simwolydyr. 1-nji maý işçiler synpynyñ agzybirlikde we raýdaşlykda bolmagynyñ ähmiýetini açyp görkezýär we dünýä boýunça alanda işçi hak-hukuklarynyñ ykrar edilmegini, kepillik astyna alynmagyny gazanýar. Şonuñ üçin 1-nji maý Zähmetkeşler we Raýdaşlyk gününiñ işçiler synpynyñ hak-hukuklarynyñ bellenýän we goldanýan güni hökmünde uly ähmiýeti bar. 1-nji maý baýramy işçiler synpynyñ üýşýän, hak-hukuk araýan, göreşiñ we protestiñ öñe saýlanýan ideologiki güni hökmünde-de kabul edilýär. • Türk taryhynda we yslam medeniýetinde zähmet, zähmetkeş, hak-hukuk Zähmetiñ gymmaty türk taryhynda we yslam bilen bitewileşen türklerse iññän gadymylara uzaýar. Gadymy türklerde zähmete uly sarpa goýlupdyr, zähmetiñ haky nämä durýanam bolsa, hökman berilmegine üns berlipdir. Türkler musulman bolandan soñam bu ýagdaý üýtgemändir. Sebäp zähmete sarpa goýýan türkler yslamda-da şoña meñzeş zatlary görüpdirler. Yslan dininde zähmete we zähmetkeşiñ hak-hukuklaryna degişli dürli prinsipler bolupdyr. Bularyñ arasynda: adalat, halallyk, dogruçyllyk, işleýänleriñ hak-hukuklaryny goramak, adyl hak-heşdek bermek, zähmet şertleriniñ gowulandyrylmagy we adam mertebesine hormat goýmak ýaly prinsipler bar. Yslamda zähmetiñ gymmatyna we zähmetkeşiñ hak-hukuklaryna hormat goýmaga çagyrylýar, bu mesele Gurhandaky dürli prinsiplerde we Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) ömründen we sözlerinden ybarat hadyslarda nygtalýar. Yslamda adalat we dogruçyllyk hemme ugurda möhümdir. Iş berijileriñ işçilere garşy adyl bolmagy we mynasyp hak-heşdegini wagtynda "mañlaýynyñ deri guramanka" berilmeginiñ gerekdigi aýdylýar. Yslamda işçileriñ hak-hukugyna hormat goýmak iñ esasy zatdyr. Işçileriñ iş sagatlary, hak-heşdekleri, dynç alyş wagtlary, beýleki hak-hukuklary babatda ýalñyşmazlyk ündelýär. Yslamda iş berijileriñ işçilere adyl hak-heşdekler bermegi we zähmetleriniñ hakyny almagy iñ möhüm zatdyr. Işleýänleriñ zähmet hakyny doly we wagtynda almazlygy iñ erbet adalatsyzlykdyr. Yslamda işçileriñ howpsuzlygyna we jan saglygyna üns bermelidigi nygtalýar. Howply ýa-da zyýanly zähmet şertlerinden gaça durmaly, işçileriñ iş şertleri gowulandyrylmalydyr. Yslamda hemmeleriñ adam mertebesine hormat goýmagy we adamlaryñ biri-birlerine merhemetli çemeleşmegi ündelýär. Iş berijileriñ we işçileriñ biri-birlerine hormat-sylag etmegi iş gatnaşyklarynda hökmanydyr. Şu prinsipler yslam dininiñ zähmet we zähmetkeşiñ hak-hukuklary babatdaky düýpli çemeleşmelerini görkezýär. Yslamyñ taglymaty jemgyýetçilik adalatyñ ýola goýulmagy, adamlaryñ bol-elin durmuşynyñ üpjün edilmegi üçin zähmetkeşleriñ hak-hukuklarynyñ goralmagyna we zähmetiñ gymmatyna düşünilmegine çagyrýar. Ýusup Balasagunly (1017-1077) tarapyndan ýazylan we türk taryhynyñ, medeniýetiniñ we edebiýatynyñ naýbaşy eserlerinden "Kutadgu bilig" jemgyýetçilik düzgüniniñ ýola goýulmagy, adalatyñ üpjün edilmegi, adam gatnaşyklarynyñ kadalaşdyrylmagy ýaly meselelerde gymmatly öwütleri berýär. Eserde iş ahlagy we işçi hak-hukuklary boýunça dürli maglumatlar berilýär, jemgyýetçilik tertip-düzgüni, adalat, dolandyryş, düzgün-agalyk sürmek, ahlak we adam gatnaşyklary ýaly temalaryñ üstünde durlup geçilýär. Soltanyñ özem adalat bilen höküm edende hakyky soltan bolýar we halk tarapyndan ykrar edilýäd. Muña azyndan müñ ýyllap dowam edip gelen "Daireýi-adliýe" ("Circle of Justice") diýilýär. Iş ahlagynyñ we işçileriñ hak-hukuklarynyñ üstünde "Kutadgu biligde" dürli görnüşlerde durlup geçilýär. Mysal üçin, eserde halallyk, işeññirlik, adalat, deñ paýlaşmak ýaly gowy häsiýetler iş ahlagynyñ esasy talaplary hökmünde nygtalýar. Işçi hak-hukuklary babatda bolsa, hökümdaryñ adyl dolandyryşy astynda işleýänleriñ hak-hukuklarynyñ goralmalydygy we olara adyl hak-heşdek tölenmelidigi aýdylýar. Şol sanda iş berijiniñ we işçiniñ bilelikde işläp, jemgyýetçilik bolçulygyny artdyrmalydygy nygtalýar. Şeýle sistemany Nyzamylmülkiñ "Syýasatnamasynda" hem görmek mümkin. • Türkiýede işçileriñ profsoýuzlary we 1-nji maý Türkiýedäki işçi hak-hukuklary-da dünýä ýurtlary bilen ugurdaş ösdi. Yslamda işçilik "hakyny bermegiñ hasabyna işlemek" prinsipine esaslanýar. Yslam hukugynda işçi düşünjesi diýseñ giñ manyny añladýar. Bagbanlardan enekelere, zawod-fabrikleriñ işçilerinden aklawjylara, lukmanlardan mugallymlara, häkimlere çenli hemmesini öz içine alýar. Osmanly imperiýasynda işçiler synpynyñ hak-hukuklary boýunça irki döwürlerde belli-başly toparlanmalar ýogam bolsa, dürli senetkär toparlaryñ we zähmetkeş guramalaryñ üsti bilen işçi hak-hukuklaryna käbir üýtgeşmeler girizilipdir. Aýratynam şu meselede "Ahylar" hereketi uly işleri bitiripdir. Osmanly döwleti döwründe 1-nji maý gününi bellemek boýunça janlanmalar başlanypdyr. Bu boýunça iş geçiren Mehmet Ö.Alkanyñ aýtmagyna görä, eýýäm 1909-njy ýylda Ikinji meşrutyýetiñ beren azatlyk howasyndan peýdalanyp, Selanikde we Skopýede 1-nji maý gününi köpçülikleýin baýram etmek çäreleri başlapdyr. Balkan uruşlary zerarly we Birinji jahan uruşynyñ täsiri bilen 1911-1912-nji ýyllarda köpçülikleýin baýramçylyk çäreleri guralmasa-da, 1-nji maý gazet-žurnallaryñ sahypalarynda ýerini tapypdyr. Respublikanyñ gurulmagy bilen birlikde işçi hak-hukuklary boýunça has giñ üýtgeşmeleri girizilipdir. 1923-nji ýylda Türkiýede ilkinji işçi profsoýuzy bolan Türkiýäniñ Işçi profsoýuzlary bileleşigi (Türkiye İşçi Sendikaları Birliği, TİS) gurlupdyr. Munuñ bilen birlikde zähmet şertleriniñ gowulandyrylmagy we işçi hak-hukuklarynyñ goralmagy üçin kanuny üýtgeşmeler girizildi. Türkiýede işçi hak-hukuklary ugrundaky göreş profsoýuzlaryñ işiniñ güýçlenmegi bilen hasam ugrugypdyr. "Türk-İş", "Hak-İş" ýaly uly profsoýuzlaryñ ýany bilen dürli hünär toparlaryna niýetlenen profsoýuzlaram işläpdir. Bu profsoýuzlar işçi hak-hukuklarynyñ goralmagy, zähmet şertleriniñ gowulandyrylmagy, aýlyklaryñ wagtly-wagtynda berilmegi üçin iş alyp barýar. Türkiýede işçi hak-hukuklary boýunça göreş wagtal-wagtal iş taşlaýyşlar we protest demonstrasiýalary arkaly-da agzalyp gelindi. Aýratynam ýetmişinji ýyllardan başlap, işçiler synpynyñ hak-hukuklaryny goramak maksady bilen dürli pudaklarda iş taşlaýyşlar bolup geçdi. Türkiýede işçi hak-hukuklaryny düzgünleşdirýän dürli kada-kanunlar we üýtgeşmeler kabul edilýär. Zähmet we Sosial howpsuzlyk ministrliginiñ gözegçiligi astynda işçileriñ zähmet sagady, aýlyklar, sosial hak-hukuklar, tehniki howpsuzlyk çäreleri ýaly meselelerde dürli kanuny üýtgeşmeler girizilýär. Bolýan ähli üýtgeşmeler türk işçiler synpynyñ hak-hukuklary boýunça alyp barýan göreşini we bu ugurraky öñegidişligini görkezýär. Türkiýedäki 1-nji maý baýramynyñ kökleri dünýäde bolup geçen taryhy wakalar bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Sowet Soýuzynyñ gurulmagy, Ikinji jahan uruşynyñ gutarmagy, "Sowuk uruş" döwri dünýäni sosializmiñ we kapitalizmiñ arasynda ikä böldi. Aradan geçen döwürde birinji maý güni bellemek kommunizmiñ we sosializmiñ tarapdarlary bilen garşydaşlarynyñ arasyndaky çaknyşyklaryñ bolýan gününe öwrüldi we birnäçe ýurtda gadagançylyklara, basyşlara uçrady. 2009-njy ýylda Türkiýede ýörite dynç alyş güni yglan edilmegi bilen 1-nji maý ideologik manyda liberal nukdaýnazara tarap gyşardy. Işçileriñ wekilleri hak-hukuklaryny goramak babatda özlerini täzeläp, iş berijiler we hökümet bilen gatnaşyklaryny üýtgetdi. Indi birinji maý işçileriñ hak-hukuklaryny talap edýän we çekýän zähmetlerini görkezýän güni hökmünde bellenýär. • Hak-hukuk talabyndan zuluma garşy göreş we 1-nji maý baýramy 2003-nji ýylda ABŞ-nyñ Yraga çozmagy ýurdumyzda-da, dünýäde-de şol ýylyñ 1-nju maý baýramyna ýiti täsirini ýetirdi. Köp sanly raýat-jemgyýetçilik guramalary, profsoýuzlar muña garşy çykyp, amerikan okkupasiýasyny näletledi. 1-nji maýy Işçiler güni hökmünde kabul eden AKP häkimiýetiniñ zähmet şertlerindäki gowulandyrma syýasaty üns bererlik üýtgeşmeleri getirdi. Soñky 20-25 ýyla ser salanymyzda, döwrüñ öñe çykan meselelerine görä, 1-nji maý gününi bellemegiñ many-mazmuny doly üýtgäp durýar. Häzir sekizinji aýyna girýän Ysraýylyñ palestin genosidine garşy bolmak bilen birlikde, ABŞ-nyñ Ysraýylyñ Gazä gönükdiren wagşyýana hüjümlerini goldamagy we muña garşy çykan ABŞ-daky talyplaryñ köpçülikleýin çykyşlary, dünýädäki sionizme garşy çykýan protest demonstrasiýalary 2024-nji ýylyñ 1-nji maýynyñ gün tertibini düzýär. 1968-nji ýylda Wýetnam, 2001-nji ýylda Owganystan, 2003-nji ýylda Yrak okkupasiýasyna garşy edilen çykyşlaryñ gününe öwrülen 1-nji maý baýramy şol sebäpden ezilen halklaryñam iki elläp goldaýan köpçülikleýin çäresidir. Şu ýyl dünýäniñ ünsi Gazadaky genoside baryp dirän gandöküşikli wakalarda bolandygy üçin ABŞ-daky dünýäniñ iñ meşhur ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplar adamzat dünýäsiniñ wyždamy bolup, inisiatiwa aldylar. Onlarça ýokary okuw jaýynda müñlerçe talyp Palestina üçin aýaga haldy, çykyşlar guraldy, demonstrasiýalar geçirildi, çadyrlar dikildi. Bu boýunça köpçülikleýin çykyşlar häzirem dowam edýär. Bu çykyşlar häzir bütin dünýäde üns bilen synlanýar. Bulary dünýäni özgerden "68-nji ýylyñ ýaşlarynyñ" protest çykyşlary bilenem deñeşdirýänler bar. Munuñ Gazadaky ýagdaýy oñyn tarapa özgerdýändigi görülýär we iki ülpet Netanýahudyr Baýdeni alada goýýar. Hut şular ýaly wagtda 1-nji maý köpçülikleýin çärelerinde zähmetkeşler bilen mazlum halklaryñ hak-hukuklaryny aramak bir ýere jemlenýär. Zähmetkeşleriñ gatnaşýan meýdanlarynda Palestina üçinem köpçülikleýin çykyşlaryñ edilýändigini we zähmetkeşler bilen Palestinanyñ hakly dawasynyñ birleşjekdigini görse bolýar. • Zähmetkeşler we mazlim Palestina goldaw Ýurdumyzda şu ýyl on bäşinji gezek resmi baýram hökmünde bellenýän 1-nji maýda zähmetkeşleriñ we palestinalylaryñ adamzat mertebesiniñ güýçli formada öñe saýlanyp çykjakdygy pikir edilýär. Şu nukdaýnazardan seredilende, esasanam kapitalizmiñ zulmuna garşy göreşmegiñ güni bolan 1-nji maý Günbatardaky sosialistleriñ hak-hukuk ugrunda göwnejaý iş alyp barýandygy görülýär. Şol sebäpden altmyşynjy-ýetmişinji ýyllarda döwrüñ palestin göreşiniñ arkasynda duran türk çepçilerinden beýle düşünjä we jogapkärçilige şu günki günem garaşmak kän wagty almasa gerek. Zähmetkeşiñ we zähmetiñ hakynyñ berilmegi bilen adam hukuklary boýunça möhüm sepgitlere ýeten 1-nji maý gününiñ palestinalylaryñ hak-hukuklary üçinem güýçli sese öwrülip, ýurdumyzda we dünýäde giñden bellenmegini arzuw edýäris. Süleýman KYZYLTOPRAK, Kütahýa Dumlupynar uniwersitetiniñ rektory, professor. @suleymankzltprk skiziltoprak1@gmail.com Çarşenbe, 01.05.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |