07:18 "Galan göwnüñ tapylmasy kyn eken..." | |
"GALAN GÖWNÜÑ TAPYLMASY KYN EKEN..."
Goşgular
![]() Galan göwnüň tapylmasy kyn eken, Oýla, göwün galmak nämekä eýsem?! Ilki ol birine gözüňi ýumup, Aňyňda hyjuwly bolsady düzüp, Saýasynda ýakymly duýgularyň, Aýasynda hyýaldyr arzuwlaryň, Göwnüň berip, asman sary göterip, Soňra gözüň açyp, hak ýüzün görüp, Biz deý adamdygna ör-gökden gelip, Kem-kemden asmandan indirip aşak, Bütin dünýäň ýüzi galan dek boşap, Oý kölüne çümüp, gam laýa batyp Düşen yeriň galan göwün dünýäsi. Indi bu ýerde bar kimiň günäsi? Ol bende ýöräp barýar durmuş ýolundan, Bihabar ol seň dünýäňde geçen ýolundan, Özi büdräp, özi ýykylyp-galyp, Ýalňyşyp, düzedip, bozup hem düzüp, Agysyny aglap, gülküsin gülüp, Ömrüni ýaşaýar bu dünýä gelip. Belki sende ýol söküp oň aňynda Sarpaň bardyr dagdan belent ýanynda. Ýa-da oňam göwni galandyr senden, Bolarsyň öýdendir ýakyndan hemdem. Syrylmagy boş hyýallaň perdesi, Alandygňy bildir durmuşy dersi, Öwezi doldurlar eden yhlasyň, Sylagyň bor akyl-paýhas seresi. Oguljan BÄŞIMOWA. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |