18:36 Senden gaýtdym, ýene seniň huzuryňa döneýin | |
SENDEN GAÝTDYM, ÝENE SENIÑ HUZURYÑA DÖNEÝIN
Goşgular
![]() Ruhum güle büreýän Duýgularmyň zergäri, Köňlüm ýaza besleýän Ynanjymyň owazy. Alnyňda dyzym epip, Ýykylaýyn öňüňe. Päk kalbymyň eýesi, Öwrüleýin guluňa. Söýgiň üçin gije-gündiz Götereýin aýamy. Kabul et naçar dilegim, Sensiz goýma dünýämi. Diňe özüňden gorkýan, Sensizlikde galmaga. Şol gorkym söýget maňa Ýykylamda galmaga. Şol gorky meň nebisim, Namysym-arym, Sabyr-kanagatym, Maksat-myradym... Senden gorkup, mähir bilen Saňa bakyp duraýyn. Garşy gitmän, kaýyl bolup Şükürlerim kylaýyn. Razylygyň nesip eýle, Iman nurun göreýin. Senden gaýtdym, ýene seniň Huzuryňa döneýin. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||