06:40 Öz-özüň bilen söhbet (- we +) | |
ÖZ-ÖZÜÑ BILEN SÖHBET (- we +)
Goşgular
![]() - Ýakynyň kalbyňa agyr ýük bassa, Kesilse owazy tarlary ýolnup, Öňem sal-sal ruhuň dönmezmi hassa? Gezermiň, ne öli, ne diri bolup? + Öz etiňi özüň iýýänlerden sen, Zat diýmeseň, gemirjeklerden süňkem. Bolany aňyňda çişirip kem-kem, Ýüküň ýüregiňe sygman dur belkem? - Galsa armanlaryň berç bolup içde, Köňlüň hasrat düşelgesi bolmazmy? + Köňül gülleriň bar, gunçalap gitjek, Muňa şükür has haýyrly bolmazmy? - Şübhesiz ynamyň puçluga çyksa, Dury seriň goýy duman almazmy? + Kalbyňdaky günüň nuruny saçsa, Ol dumandan nam-nyşan bir galarmy? - Ýamalarňy gizläp, özge gözlerden, Hiç ýazgarman günäsini ötermiň? + Onda köýnek geýip, otly közlerden, Gahar edip, başyň alyp gidermiň? + Bozmak aňsat, kyn bolsa-da düzüp gör. Kislota deý iýip barsa-da sözler, Gitmäge wagt bolar, a sen galyp gör. Sabyr etseň, belki, bar zat düzeler. Oguljan BÄŞIMOWA. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |