12:21 Nazym Hikmet aradan çykdy... | |
NAZYM HIKMET
Taryhda şu gün
• 1963-nji ýylyñ 3-nji iýunynda Ajaýyp söz ussady, işçiler synpynyň iş ugrunda, parahatlyk ugrunda, demokratiýa ugrunda, kommunizm ugrunda ýalkymly göreşiji, şahyr kommunist Nazym Hikmet dünýäden ötdi. Nazym Hikmet 1902-nji ýylda Selanikde dünýä inipdi. Şahyr 1916-njy ýylda Stambulda öz goşgulary bilen orta çykdy. Nazym Hikmetiň respublika jar edilenden soň Türkiýede peýda bolan goşgulary Stambuluň edebiýatçylar toparynda güýçli täsir döretdi. Nazym Hikmet Türkiýäniň zähmetkeşler köpçüliginiň arzuw-hyýallary bilen ideallaryny özünde jemleýen täze rewolýusion edebiýatyň baýdak göterijisi bolup ugrady. Nazym Hikmetiň goşgulary 1926-njy ýylda Eduard Bagriskiniň we Nikolaý Dementýewiň terjimelerinde rus dilinde peýda bolup ugrady. Nazym Hikmet Türkiýede rewolýusion işi gzilin ýol bilen gaty hyjuwly alyp barypdy. On dokuz ýaşynda Nazym Hikmet Sowet Soýuzyna gelip, 1922-nji ýyldan 1925-nji ýyla çenli Gündogaryň zähmetkeşleriniň Kommunistik uniwersitetinde okapdy. 1923-nji ýylda Nazym Hikmet BK(b)P hataryna giripdi, 1924-nji ýyldan bolsa ol Türkiýede kommunistik partiýasynyň çleni. Şahyr özüniň ömrüni we şahyrçylyk döredijiligini halkara rewolýusion göreşi bilen üznüksiz baglanyşdyrdy. Türkiýe reaksiýasynyň Nazym Hikmeti rewolýusion işi üçin türmede tussaglykda saklamaly diýip çykaran hökümleriniň hemmesini bir ýere jemleseň, 50 ýyla dagy ýeter. Ol türmede 17 ýyllap oturdy. Emma onuň poeziýasynyň sesi türme gözeneginiň aňyrsyndan-da Türkiýäniň millionlarça zähmetkeşlerine eşidilýärdi. Ol türmede oturan ýerinden ikinji jahan urşunyň ýyllary içinde özüniň Zoýa Kosmodemýanskaýa hakdaky joşgunly poemasyny ýazypdy. Şahyr türmeden çykansoň, 50-nji ýyllaryň başlaryndan başlap, Nazym Hikmetiň “Moskwa simfoniýasy”, “Gabriel Peri”, “Halit” ýaly poemalary görnüp ugrady. Bu poemalaryň ählisem Nazym Hikmetiň köp ýyullap ürç edip işleýän “Adam panoramasy” diýen epopeýasynyň bir bölegidi. Arman, ol epopeýany tamamlamak şahyra miýesser bolmady. Sowet we daşary ýurt tomaşaçylary Nazym Himkmeti özboluşly we zehinli dramaturg diýip tanaýarlar. Nazym Hikmetiň zehininiň köptaraplydygy onuň proza eserlerinden-de görnüp dur. Nazym Hikmetiň synpy göreş ody içinde rewolýusion gahrymançylykly häsiýetiň berkarar bolşy hakdaky “Romantika” romanyny sowet okyjylary gowy garşyladylar. Nazym Hikmetiň eserlerinde adam kalbynyň iň göwün diýen hereketleri internasionalist göreşijiniň belent graždanlyk hyjuwy bilen sazlaşýar. Onuň her bir sözi her bir päk ýürekli hem-de asylly adamyň ýüregine jüňk bolýardy. Lirik, dramaturg, prozaçy Nazym Hikmetiň döreedijiligi onuň ýadawsyz rewolýusion işi bilen, bürin dünýäniň halklarynyň arasynda dostluk ugrunda, Sowet Soýuzy bilen Türkiýäniň halklarynyň arasynda dostluk hem-de birek-birege düşünişmek ugrunda, parahatlyk ugrunda alyp baran köpýyllyk göreşi bilen sazlaşýar. Sowet ýazyjylary bütin dünýäniň millionlarça okyjylary bilen birlikde öz ýalkymly setirleri uzak wagtlap adam barynyň kalbyna ganat baglatjak ajaýyp rewolýusion şahyryň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýärler. SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi, RSFSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesi, RSFSR Ýazyjylar soýuzynyň Moskwa bölüminiň prawleniýesi. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1963 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |