20:50 On bäş ýara | |
ON BÄŞ ÝARA
Goşgular
Meniň gursagymda on bäş ýara bar, On bäş gezek pyçak urdular oňa. On bäş ýara maňa berip dur azar, Ýöne çydam etmän diňmäge derek Urup dur, Urmasyn goýmazam ýürek. Meniň gursagymda on bäş ýara bar, Oan bäş ýara maňa berip dur azar. Olar daşynda-da Gara deňiziň Gara, ganly suwy-misli bir ýylan Aýlanyp, güýç bilen gysýar gör meni, Başarsa bir demde berjek däl aman. On bäş pyçak uruldy meň gursagma, On bäş ýara maňa azar berip dur. Ýöne welin kükregimde ýüregim Dynman urup dur. Meniň gursagymda on bäş sany ot, Pyçagam döwüldi hut on bäş gezek. Ýöne gyzyl baýdak deýin lowurdap Urup dur, Urmasyn goýmazam ýürek. 1921 ý. “TÜRMEDEN HATLAR” ATLY TOPLUMDAN ÜÇ GOŞGY Bu gün ýekşenbe güni, Özem ýaz güni. Bu gün ilkinji gezek zyndandan meni Çykardylar howla. Men bolsam ömrümde ilkinji ýola Göz ýetirip depämdäki asmanyň Belenetdigine Göm-gökdügine Hem giňdigine Gymyldaman durun. Soň diwara ýaplanyp, Hormat goýup topraga Emaý bilen oturdym. Zenan gujagyny ýa erkinligi... Arzuw etmek şo dem gury höwesdi. Bagtly bolmak üçin maňa şo pursat Toprak bardy, Güneş bardy, Men bardym – şularam besdi. 1938 ý. *** Biziň oglumyz näsag, Atasy-da türmede Seniň agralan kelläň, ýadaw elleň üstünden Hiç aýrylyp bilenok. Seniň merjen dişleriň ýylgyranok, Atyn gözleň gülenok. Her minutyň agyr, agyr, ajy zäk ýaly, Biziň ykbalymyz – dünýäň ykbaly. Zyýany ýok. Äderler-de iň batyrgaý, iň aýgytly ädimleri, Ýetirerler nurly, güneşli güne Adamlar adamlary. Oglumyzam gutular. Atasy-da bir gün çykar zyndandan. Seniň altyn gözleňem gülüp görner her ýandan, Biziň ykbalymyz – dünýäň ykbaly. 21.XI.1945 ý. *** Kitap okaýaryn: Sen hakda ol, sen hakda. Aýdym diňleýärin: Sen hakda ol, sen hakda. Iýmäge başlaýan berlen höregi: Otyrsyň sen gaşymda. Goşgy ýazyp köşeşdirýän ýüregi: Islän wagtym köňlüm seni çagyrsa, Peýda bolýaň geregim. Ýöne biz gürleşip bilemizok hiç. Sesiň eşdemok seniň. Sen sekiz ýyl bäri misli dul ýaly, ezizim meniň. 22.XI.1945 ý. Terjime eden Italmaz NURYÝEW, “Edebiýat we sungat” gazeti, 19.01.1977 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |