01:40 Merhum gyzjagaz | |
MERHUM GYZJAGAZ
Goşgular
Açyñ gapyñyzy, men kakýan ýene, Kakýan bir diwary... Sen beýle zaryn Seretme, barybir ilmen gözüñe - Merhumlary görüp bolmaz ahyryn. Hirosimada wepat bolalym bärem Ýyllar geçdi. Geçer, hiç saklap bolmaz. Men ýaşym ýedidi, Ýedimde hälem. Merhum çagañ ýaşy ösmez, ulalmaz. Ilki saçlarymy ýakdym men oda, Gözüm hanasyndan çykdy-sogruldy. Bir gysym kül bolup galdym bir bada, Soñra şemal turdy, menem sowruldym. Haýyş edýän, Özüm üçin däl, ynan, Maña nanam, tüwem gerek bolanok. Otda ýaprak ýaly ýanan ýaş ynsan, Iñ bärkisi, gandam iýip bilenok. Haýyş edýän, Golum çeksin, elbetde, Hem ähli adamzat aýaga galsyn. Çagalar hiç mahal ýanmasyn otda, Olar islän wagty gant iýip bilsin. Nazym HIKMET, türk şahyry. Terjime eden: Italmaz NURYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 18.11.1970 ý. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |