15:02 Myhmanlar şahyryñ waspyn sözleýär | |
MYHMANLAR ŞAHYRYŇ WASPYN SÖZLEÝAR
Magtymgulyny öwreniş
• Nazym Hikmet: - Uly toýuňyz gutly bolsun! Siziň toýuňyz biziň hem toýumyzdyr, Magtymguly meniň hem şahyrym, onuň dili meniň hem dilim. Siziň toýuňyz sosialistik ýurtlardan gelen wekiller birlikde kapitalistik ýurtlardan gelenler-de bar. Men hem şolaryň biri. Gadyrdan gardaşlar! Men Magtymgulydan köp zatlar öwrenýärin, ol meniň-de ussadym. Ýöne onuň bir öwreden ullakan zadyny has nygtasym gelýär. Ol-da öz halkyň azatlygy üçin göreşmek. Şeýtmeýän şahyra şahyr diýip bolmaz. Ähli kişä özüni aldyran, mylaýym sözli Magtymgulynyň şöhraty, goý ýene-de artsyn. Men size uzak ömür sürmegi arzuw edýärin, eziz doganlar! • Askat Muhtar: - Şu günler Özbegistanda hem edil türkmen topragynda bolşy ýaly, beýik Magtymgulynyň şanyna bagyşlanan dabaralar bolup geçýär. Magtymgulynyň goşgularyny özbek doganlaryňyz aýdym edip aýdýarlar. Olar dilden-dile geçip, biziň jülgelerimizi we ýaýlalarymyzy ýaňlandyrýar. 225 ýyl! Muny dilde aýtmak aňsat. Beýik şahyryň şunça wagt mundan ozal ýazyp giden eserlerini okanymyzda öz türkmen doganlarymyzyň kalbyny aňýarys. Onuň ady biziň ýüreklerimizde edil Pöwrize kimin gök öwüsýär. Tejene gelip ýeten Jeýhun suwy Magtymgulynyň eden arzuwlarynyň amala aşýandygynyň şaýatlarynyň biridir. Magtymguly şu günler biziň aramyzda diri bolup, 200 millionly sowet halkynyň iň söýgüli perzentleriniň biridigini bir bilsedi, öz eserleriniň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, bize gelip ýetendigini bir bilsedi! Gadyrly doganlar, biziň hem Magtymgula siz bilen şärik bolmaga hakymyz bardyr. Hawa, onuň diňe Buharada okanlygy ýa-da Nowaýydan öwrenenligi üçin däl, ýok, onuň üçin däl. Onuň hut özbek halkynyň hem gamyny iýenligi üçin biz özümizi oňa şärikli hasap edýäris. • N.W.Lesýuçewskiý: Moskwanyň “Советский писатель” neşirýatynyň direktory ýoldaş N.W.Lesýuçewskiý sözüniň başynda SSSR Ýazyjylar soýuzynyň hem-de moskwaly ýazyjylaryň adyndan gyzgyn salam gowşurýar. Soňra ol şeýle diýýär: - Magtymgulynyň şu gün geçirilýän ýubileýi diňe bir türkmen halkynyň däl-de, ähli sowet halklarynyň hem milli baýramydyr. Magtymgula ähli sowet halklary deň derejede guwanmaga haklydyrlar. Magtymguly öz halkynyň iňňän agyr jebir-süteme sezewar edilen zamanynda ýaşap geçen şahyr. Indiki össürimler üçin şol zamany göz öňüne getirmek-de çetin bolsa gerek. Öz halkynyň klassyk edebiýatynyň we edebi diliniň düýbüni tutan bu parasatly kişä kimler guwanmasyn! Şahyryň güýji onuň öz halky bilen • M.I.Bogdanowa: Medine Isgenderowna Bogdanowa ýubileý dabaralaryna gatnaşyjylara M.Gorkiý adyndaky dünýä edebiýaty institutynyň we Moskwanyň Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň kollektiwleriniň adyndan gyzgyn salam gowşurýar. - Magtymgulynyň galdyran edebi mirasy bütin sowet halkynyň milli guwanjydyr – diýip, ol aýdýar. Magtymgulynyň baýramy bütin sowet edebiýatynyň baýramydyr. Ine, şu zatlarda biziň sosialistik hakykatymyzyň aýratynlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Magtymgulynyň graždan lirikasy, filosofiki goşgulary, ajaýyp aforizmleri ony Nyzamy we Nowaýy ýaly poeziýa pälwanlarynyň hataryna çykardy. Öz halkynyň we goňşy halklaryň folkloryndan güýçli täsir alan magtymgulynyň döredijiligi bizde hertaraplaýyn öwrenilýär. Köp alymlar bu bugurda ýadawsyz zähmet çekdi. Men şolaryň arasynda Aleksandr Petrowiç Poseluýewskiniň adyna aýratyn hormat goýmakçy. Magtymguly hakdaky materiallary ýygnamakda ol özgelerden kem oturmadymyka diýýärin. Magtymgulynyň eserleri indi ençeme dillerde okalýar, ol hakda ýokary okuw jaýlarynda indi ýörite leksiýalar-da okalýar. Bir söz bilen aýtsak, Magtymguly biziň durmuşymyza gün-günden has ýygjam ornaşýar. • Haled es-Salam: Adamynyň durmuşynda tä ömri ötýänçä ýatdan çykmajak üýtgeşik pursatlar bolýar. Meniň üçin şeýle pursatlaryň biri-de Sowet Soýuzyna gelip görmegimdir. Iki sany uly gumanistiň – Lew Tolstoý bilen Magtymgulynyň ýubileýine gatnaşmak bagty meniň paýyma düşdi. Eger-de men Lew Tolstoýyň ýubileýine gatnaşmak bilen bagtly bolan bolsam, Magtymgulynyň toýuna gatnaşmak bilen has-da bagtlydyryn. Däp bolup galyşyna görä, Gündogaryň ähli edebiýatçylary geçmişde halky azatlyga çagyryp geçipdirler. Şeýle edebiýatçylaryň mirasyny ýygnamak işiniň sizde gowy ýola goýulandygyna biziň gözümiz ýetik. Men özümiň Türkmenistana gelenime diýseň şat. Munuň-da öz sebäbi bar: meniň ýurdumda türkmenler, kürtler we araplar bir dogan ýaly ýaşaýarlar. Her hili päsgelçiliklere garamazdan, egni-egne berip, ýurduň azatlygy ugrunda göreşdiler. Men öz ýurduma dolanyp baramsoň, gülleýän Türkmenistan hakynda öz halkyma doly gürrüň bererin. Şeýle gürrüň yrakly türkmenlere has-da hoş ýaksa gerek. • Aleksandras Bauža: - Baltika deňziniň kenarlaryndan men size, Magtymgulynyň beýik işini dowam etdirijilere litwalylaryň mähirli salamyny getirdim. Biziň halkymyz golaýda özüniň 20 ýyllyk ýubileýini geçirdi. 20 ýyl mundan ozal Litwa imperialistik döwletyleriň ýapjasydy. Kolonializmiň nämedigini siz oňat bilýänsiňiz. Magtymguly baryp XVIII asyrda öz halkyny bir döwlete birikdirmäge çagyrypdyr. Şonda ol Adamyny, Halky öz döredijiliginiň merkezinde tutupdyr. Ine şoňa görä-de, halk öz şahyryny şeýle bir eý görýär, hatda onuň eserlerini dilden-dile geçirip, şu günlere ýetiripdir. Magtymguly ýaly poeziýa pälwanynyň dabaraly ýubileýina gatnaşmak bagtynyň öz paýyma düşendigine men dygysyz şat. Magtymgulunyň egsilmez döredijiligi ýazyjylar bolan bize ylham berýär. Goý, biziň doganlyk edebiýatlarymyz hem hut öz eziz jemgyýetimiz ýaly giň ädimler bilen öňe gitsin! • M.Mirşakar: - Beýik Magtymgulynyň ady geçmişdäki ähli şahyrlaryň içinde özüne mynasdyp orny eýeledi. Ol hem şahyr, hem filosof, hem daýhan, hem zergär bolup geçen adam. Ol öz halkynyň ruhuny, pikirini çeper sözler arkaly beýan etmegi başaran adam. Täjik halky bilen türkmen halkynyň arasyndaky dostluk soňky ýyllarda hemmetaraplaýyn pugtalanýar. Munuň özüni iki halkyň ähli ugurlar boýunça ýaryşýanlygy bilen-de subut etmek bolar. Magtymgulynyň ýubileýi geçirilýän şu gün biziň paýtagtymyz Stalinabatda möhüm bir karar kabul edildi. Şol karar boýunça Stalinabadyň Merkezi raýonyndaky 3-nji Dokmaçylar köçesine Magtymgulynyň ady dakyldy. Şu-da şol dostlugyň bir ajaýyp beýany bolup durýar diýsem, ýalňyşmasam gerek. • Süleýman Rüstem: - Milli baýramyňyzy tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediň, türkmen gardaşlar! Şu günki dabaraň ullakan ähmiýeti bar. Magtymgulynyň mirasyny gözüniň göreji ýalyaýawly saklaýan size ähli sowet halky minnetdardyr. Türkmen halkynyň gadymy we müdimi dosty bolan azerbaýjanlar üçin bu mirasyň bahasyna ýetip bolmajak ähmiýeti bardyr. Magtymgulynyň goşgulary onuň bilen bir döwürde ýaşap geçen azerbaýjan şahyrlarynyň goşgulary bilen bir ýerden gopýar. Azerbaýjan okyjylary Magtymgulyny öz ene dilinde okaýar we ondan lezzet alýar. Şöhrat, ýene şöhrat, beýik şahyra! • Nguen Kong Hoan: - Öňde bir şahyryň aýdyşy ýaly, deňizleriň gurap gitmegi, daglaryň ýitip gitmegi, tokaýlardan derek galmazlygy mümkin zat, emma şahyryň goşgulary welin, hiç haçan ýitmezem, könelmezem. Magtymgulynyň goşgulary hut şeýle goşgulardandyr. Magtymgulynyň goşgularyny ýakyn geljekde wýetnamlylaryň hem hut öz dillerinde okajakdyklaryna men sizi ynandyryp bilerin, eziz doganlar! • E.Ý.Sygel: - Biziň ýurdumyz demirgazykda bolsa-da, onuň howasy gazaply däl. Şonuň üçin-de meniň size alyp gelen salamym iňňän gyzgyn salam – diýip, orator aýdýar. Beýik rus halkynyň diliniň üsti bilen Magtymgulynyň goşgulary biziň Pribaltikamyza-da baryp ýetdi. Soňra orator Magtymgulynyň ýubileýiniň şu günler Estoniýanyň ähli obalarynda hem-de şäherlerinde uly dabara bilen bellenip geçilýändigini habar berýär. • Zäki Nury: - Biz uzak ýollary söküp, siziň gözel paýtagtyňyza geldik. Şu ýoly biz ullakan köprüniň üsti bilen geçdik. Şol köpriniň adyna dostluk köprüsi diýip at berilýär. Beýik akyldar şahyr Magtymguly hakykatdan-da beýik şahyr, çünki ol halk bilen bile dem alypdyr, halk üçin goşgy goşupdyr. Şeýle şahyry hemme halk hem tüýs ýürekden söýýär. Tatar okyjylary Magtymgulynyň eserleri bilen öňräkden bäri tanyş. Biz onuň goşgularyny tatar diline terjime eden mahalymyzda, göýä uly bir mekdep geçen ýaly, ondan köp zatlary öwrendik. Goý, Magtymgulynyň toýy doganlyk edebiýatlaryň öňküden-de dostlaşmagynyň girewi bolup hyzmat etsin! • M.Nurmuhammedow: - Magtymguly garagalpaklara hemmelerden beter tanyş şahyrdyr – diýip, orator aýdýar. Biziň respublikmyzda Magtymgulyny uludan-kiçä tanamaýan adam ýokdur. Entek biziň halklarymyzyň elipbiýi ýokka Berdak, Aýatbergen, Apbas, Satdah diýen şahyrlar Magtymgulynyň goşgularyny dilden-dile geçirip, il arasynda ýaýradypdyrlar. Biz Garagalpagystany Magtymgulynyň ikinji watany hasaplaýarys. • H.Hawpaçýow: - Balkar şahyry Kerim Atarow ikimiz size Kabardin-Balkar ASSR-inden ýalkymly salam getirdik. Siziň şahyryňyz Magtymgulynyň şöhraty indi, gör, nirelere baryp ýetdi. Biz onuň goşgularynyň üsti bilen türkmen halkynyň geçmişine göz ýetirýäris. Biz öz süýtdeş doganymyz bolan türkmen halkynyň öýünde onuň beýik mertebeli şahyrynyň uly toýuny toýlaýarys. Soňra orator şahyryň kabardin we balkar dillerine geçirilen goşgularyndan iki sanysyny okap berýär we şahyryň şol dillere geçirilen kitaplaryny sowgat gowşurýar. • Pak Un Ger: - Bütin döredijiligi gumanizmden doly bolan Magtymgulynyň süýji arzuwlary Sowet häkimiýetiniň ýyllary içinde amala aşdy. Onuň döredijiligi köp halklaryň jümmüşine baryp ýetdi. Şahyryň öz halkyny azatlyuga çagyran joşgunly sözleri heniz dagynyk ýaşaýan halklar üçin şu günler hem batly heňde ýaňlanýar. Biziň ýurdumyz, belli bolşy ýaly, henizler hjem ikä bölüngi. Günorta Koreýada höküm sürýän düzgün-tertip hut Magtymgulynyň näletlän düzgün-tertiplerine çalym edýär. Ady äleme meşhur Magtymguly şahyryň eserleri sizden uzakdaky koreý halkynyň arasynda-da giňden meşhurdyr. Mundan buýana onuň has-da giňden öwreniljekdigine pugta ynanaýyň, gadyrly türkmen dostlarym! • Mikloş Sabolçi: - Men size öz eziz watanym bolan Wenriýadan mähirli hem-de dostlukly salam getirdim. Siziň öz geçmişiňize şeýle uly üns bermegiňiz köpleri haýran galdyryp biler. Geçmişe hormat goýulmagynyň özi, elbetde, diňe halkyň hakykatdan-da azat ýurdunda mümkin zatdyr. Wengriýada geçmişi marksistik-leninçilik nukdaý nazaryndan öwrenmeklik başlandy. Bu işde biziň şowly ýerlerimiz-de, säwlerimiz-de bar, emma welin şeýle işiň başlanmagynyň özüniň-de belli bahasy ýok. Magtymgulynyň şu günler geçirilýän ýubileýi halkyň öz söýgüli şahyryny hiç haçan ýatdan çykarmajakdygynyň hiç haçan ýalana çykaryp bolmajak şaýadydyr. • F.Ý.Rokpelnis: - Biz Aşgabada gaýdanymyzda şeýle bir belentlikde uçduk, emma munuň özi diňe bir asman belentligi bolman, eýsem Magtymgulynyň poeziýasynyň hem belentligidi. Bu belent poeziýanyň eýesini latyş halky hem sizden kem söýenok. Neneň söýmejek! eger şu gün onuň bir goşgusyny okasaň, ertir hökman ol seniň düýşüňe girýär. Magtymguly hem edil biziň Raýnisimiz ýaly, öz halkynyň röwşen geljegi hakynda köp arzuwlar edipdir. Onuň özi häzir biziň aramyzda ýogam bolsa, onuň galdyryp giden edebi mirasy biziň ýaşlarymyz üçin ýolgörkeziji ýyldyz bolup hyzmat edýär. • Jemileddin Aly: - Siziň öz söýgüli şahyryňyzyň ýubileýini bellemäge bagyşlanan dabaralara gatnaşýandygymy özüme uly bagt hasaplaýaryn. Beýik şahyrlar diňe bir öz halky üçin däl-de, eýsem beýleki halklar üçin hem ýazýarlar. Siziň Magtymgulyňyz hem hut şeýle beýik şahyrlaryň hatarynda durýar. Siz öz şahyryňyzy iňňän sylaýan ekeniňiz. Şu gün Magtymgulynyň hormatyna siziň milli gimniňiziň ençeme gezek ýaňlanandygyny men öz gulagym bilen eşitdim. Munuň özi oňa goýulýan hormatyň iň ulusydyr diýip aýdasym gelýär. Eger-de men saz çalyp bilýän bolsadym, onda men hem şu zalyň balkonyna çykyp, Magtymgulynyň hormatyna öz milli gimnimizi çalardym. • Sooronbaý Jusuýew: - Şu ýyl türkmen edebiýatynyň Gyrgyzystanda geçirilen hepdeligi mahalynda türkmen dostlarymyz bize şahyryň halynyň ýüzüne çitilen suratyny sowgat berdiler. Biz şol suraty öz şahyrymyz Toktogulyň suraty bilen bir ýerde asyp goýduk. Meniň göwnüme gelişine görä, ümsümlik aralaşanda bu iki şahyr biri-birine seredişip, özara gürrüňleşýän ýaly bolup dur. Hawa, olar gürleşýändirler. Magtymguly gyrgyzça hem bilýär ahyryn. Ynha, men size Magtymgulynyň gyrgyz dilinde çykan kitabyny sowgat getirdim. • Çoýžlyn Çimid: Ýoldaş Ç.Çimid öz sözüniň başynda şu dabaraly toýa çagyrylandygy üçin Türkmenistan Ýazyjylar soýuzyna we prawleniýesiniň başlygy Berdi Myradowiç Kerbabaýewe minnetdarlyk bildirýar. - Öz ýurdumyň, Mongoliýa Halk Respublikasynyň 36 ýyllygy bellenýän gününde siziň parasatly şahyryňyz Magtymgulynyň ýubileýine gatnaşmak maňa hoş ýakýar. Men goşa toýy toýlaýaryn. Siziň mähriban topargyňyza gadama basanyma ýaňy iki gün. Emma şeýle-de bolsa öz halkym bilen siziň halkyňyzyň arasynda hemme babatda golaýlygyň bardygy mese-mälim duýulýar. Men öz galamdaşlarymy iň ýakyn hem-de köne dostlarym hökmünde duýýaryn. Ýöne bizi golaýlaşdyrýan esasy zat özümiziň umumy ideýamyzyň we maksadymyzyň birligidir. Beýik akyldar Magtymgulynyň döredijiliginde biz onuň öz ýaşan döwrüni uzül-kesil näletländigini, şol döwri bolşy ýaly suratlandyrandygyny görýäris. Öz döwrüni iň öňdebaryjy adamlarynyň iň gowy arzuwlaryny ökde beýan eden bu adama biz telpek goýýarys. Magtymgulyny biz şu gün hut öz aramyzda diýip duýýarys. Şu mahalky geçip duran dabaraly toý şonuň şeýledigine hemme zatdan beter güwä geçýär. • Bakur Karapetýan: - Menden öň çykyp geplän mongoliýaly ýoldaşyň aýdyşy ýaly biz üçin şu günki toý goşa toý. Şu gün ermeni halky özüniň 40 ýyllygyny baýram edýär. Türkmenler bilen ermenileriň biri-birine meňzeş zatlary-da az däl. Biziň halkymyzyň ikisini-de bir maksat birleşdirýär. Siziň şu gün toýuny edýän beýik şahyryňyzy ermeni halky tüýs bürekden söýýär, ony öz ene dilinde hezil edip okaýar. Döredijilik arsenaly şeýle baý bolan magtymguly asyrlar boýy biziň ýüreklerimizde ýaşar. Onuň öz halkynyň azatlygy ugrunda başdan geçiren horluklary, öz halkynyň gözüni nadanlykdan açmak üçin çeken tagallalary hi-de ýatdan çykarmy! Şeýle şahyry emele getrien halka şöhrat! “Edebiýat we sungat” gazeti, 01.12.1960 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |