14:41 Elli ýaşda Tolstoýyñ durmuş ahwalaty dogrusynda oýlanmalary | |
ELLI ÝAŞDA TOLSTOÝYŇ DURMUŞ AHWALATY DOGRUSYNDA OÝLANMALARY
Goşgular
![]() Ömür hakda oýlanypdyr Tolstoý, Meňzedipdir bu dünýäni aždarha. Ömri kertýän gije bilen gündizi, Meňzedipdir gara hem ak syçana. Ezraýyldan gorkup Gorkut ata deý, Gaçmandyr dünýäň O çetinden bu çetine. Oňa derek gözläpdir ol durmuşy, Tapyp, diýipdir ol: “Hakykat – ajal!” Ugur-utga tapman sümme tokaýda Azaşan adama deňäpdir özün. Eýe bolsa-da ol uly şöhrata, Abraýa, ada, Ýaşamagy neçün ýokuş görüpdir. Düşünmändir diýseň gülkünç bolardy. Durmuşa düşünip, Gözläpdir ýol elewräp. Men diýen ýaşynda, Ymtylypdyr ajala. Bu hakykat! Bu hakda onuň özünden okap, Bolupdym berbat... 03.12.2021. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |