15:40 Gazalylar öldürilýär, adamzat öldürilýär | |
GAZALYLAR ÖLDÜRILÝÄR, ADAMZAT ÖLDÜRILÝÄR
Publisistika
Baýram güni diýlende, adamyñ ýüzi gülýär, birek-birek öýüne baryp duz-tagam iýşilýär. Häzir gynançly baýram gününe girdik, ýüzümiz güler ýaly bolmady. Sionistler Gazada, Günbatar Şeriada musulmanlara diýjek däl, adamlara hüjüm edýärler, her gören janly-jandarlaryny ýok edýärler. Biz adamlaryñ gürrünini edýäris, emma atylan her bomba, atylan her ok ähli janly-jandarlary nyşana alýar. Pişigi, iti, mör-möjegi, sygyry, öküzi, aty, düýesi, towugy, horazy, guşy... Ähli haýwanlaryñ dünýäde öz ýeri, bir peýdasy bar. Sionistleriñ hüjümleri musulman kimliginden aşyp, adam kimligini ýok etmäge öwrüldi. Nämüçin adamlar adamdyklaryny ýada salmaýarlar? Ýatlaýanlarynda-da, nämüçin hiç zada tär edip bilenoklar? Nämüçin öz hökümetlerini adamzadyñ duşmany sionistlere "Saklanyñ!" diýip bilmekleri üçin basyş edenoklar? Bu soraglara jogap berilmezligi şol bir wagtyñ özünde sionistleriñ ýer ýüzündäki gegemoniýasyny görkezýär. Iki müñ ýyldan gowrak wagt bäri ýer ýüzünde şeýle bir tor gurupdyrlar welin, hiç bir ýagdaýda bu tory ýyrtyp bolanok. Ýogsa jöhitleriñ özleri-de genoside uçrapdylar. Diriligine peçde ýakylypdylar, zäherlenipdiler. Ýerlerinden jyda düşürilipdiler. Bu bela-beterler biziñ başymyza nämüçin geldi we biz başymyza gelen belalardan sapak alman, nämüçin Palestinada adamy, adamzady ýok edýäris diýip oýlananoklar? Sionistler Palestinada hiç bir ýagdaýda "döwlet" hökmünde ýaşap bilmejeklerini bilmelidirler. Palestinleri-de, jöhitleri-de ýaşaýan ýerlerinde ýakyndan tanamak mümkinçiligim boldy. Iki tarapam bigünä halk. Giñ gözýetimli añ-düşünjede bir-birleri bilen ýakyndan gatnaşyp bilýärler. Ara "kipalylar" (jöhit tahýasy) we "saryklylar" girýärem welin, hemme zat bulaşýar duruberýär. Adamzady halas etmek üçin hökman bir ugur-ýoluny, alajyny tapmaly. Palestina musulmanlar üçinem, iudeýler üçinem, hristianlar üçinem mukaddes. Mukaddesligiñ üstüne ýeke döwleti gonduryp bolarmy? Ýakyn wagtda fransuz ýazyjysy Rože Garodiniñ “Ysraýyl problemasy-syýasy sionizm” kitabynyñ gürrüñini etdim. Garodi kitabynyñ jemleme bölüminde şeýle kesgitlemeleri berýär: "Ysraýyl sionist döwleti dikilen Palestinasynda taryhy taýdanam, Töwrata esaslanybam, dini we hukuk taýdanam, haýsy tarapdan alanda-da hiç hili kanuny esasy ýokdur. Ahlak taýdanam oñlar ýaly tarapy ýokdur, çünki (jynsparazlyga, basybalyjylyga we döwlet terroryna goldanýan) ýurduñ içinde we daşynda özüni alyp barşy bilen onuñ beýleki döwletlere meñzedýär, hatda beýleki döwletleriñ iñ ýaramazy bolup garşymyza çykýar. Bu döwletiñ (Ysraýyl döwletiniñ) Aziýada günbatarly jynsparaz, basybalyjy, daş-töweregi duşmanlar bilen gurşalan sebit bolmakdan çykyp, uzak wagtyñ dowamynda sebiti hakyky bitewileşdurmegiñ ýoly açylar. Şeýlelikde (awtstriýaly jöhit filosofy) Martin Buberiñ 1921-nji ýylda-da ündän "Ýakyn Gündogar Federasiýasy" orta çykar. Bular ýaly "federasiýada" araplar bilen jöhitler aralarynda hiç hili etniki agzalalyk bolmazdan dost-dogan kimin agzybirlikde ýaşap bilerler. Üç uly diniñ umytlarynyñ dünýä inen ýerlerinde Ybraýym pygamberiñ (a.s) ajaýyp mirasynda paý eýesi bolmakda buýsanýan iudeý, hristian, musulman dinine ynanýanlar we şol mirasdaky dini ynanjyny ýitirendigine garamazdan onuñ medeniýetiji we iñ belent ynsanperwer gymmatlyklaryny şindizem dowam etdirip gelýän ähli adamlar agzybir we howpsuz durmuşda ýaşarlar" (s. 201, 207). * * * Ertirlerimiz garañky... Bir ýerlerden yşyk ýanmagyna garaşylýar. Ol yşyk nähili ýanmaly, kim ýakmaly? Belli däl. Dünýä gurruk guýyda... Adamlar ondan çykmagyñ ýoluny gözleýärler. Niräni sermeseler, nirä el ursalar galyñ-galyñ diwarlar... Adamlar adamzady öz elleri bilen öldürýärler. Gazalylar öldürilýär, adamzat öldürilýär. Baýram güni diýip ýüzümiz güler ýaly bolmady. Arslan TEKIN. "YENIÇAĞ" gazeti, 10.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |