11:37 Teýmirleñ mongol hökümdarymy? | |
TEÝMIRLEÑ MONGOL HÖKÜMDARYMY?
Taryhy makalalar
Şumat siz: "ýurdumyzyñ şunça meselesi barka, Teýmirleñden söz açmagyñ wagtymy?" diýmegiñiz mümkin. Aýny wagty… Çünki… A.Jelal Binzetiñ "Muzeýdäki suratyñ uzyn hekaýaty" makalasynda ("Cumhuriyet" gazeti, 02.09.2019 ý) Ankaranyñ Döwlet şekillendiriş sungaty we heýkeltaraşlyk muzeýinde rus suratkeşi Wasiliý Wasilýewiç Wereşaginiñ (1842-1904) elinden çykan "Teýmirleñiñ mazary" ýagly suratyndan söz açylanda: "Mongol hökümdary Teýmirleñiñ Samarkantdaky kümmedinde Gündogar eşikli kişileriñ hormar bilen baş egip duran pursatynyñ şekillendirilen eseri" diýen söz ulanylypdyr. Awtor bu eseriñ Ankarada peýda bolşunyñ hekaýatyny-da ýazypdyr: "Rus muzeýinden çykarylyp, Ankara näme sebäpli getirilendigi gyzyklandyrma döredenokmy-ka? Russiýadaky eseriñ Ankara gelşiniñ maglumaty bar. Şular ýaly gymmatly kartinanyñ ýurdumyza ugradylmagy nämäniñ nämedigini diýseñ aýdyñ görnüşde düşündirýär diýip pikir edýärin. Respublikamyzyñ gurlan ilkinji ýyllarynda SSSR bilen dörän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklary wagtynda Ankara ugradylan adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçi Aralowyñ Leninden Gazy Mustapa Kemala ýollan ýörite sowgady hasaplanýar." Awtoryñ Lenini götergilemesi aýry gep. Eger muny Lenin ugradan bolsa, näme üçin Teýmirleñe degişli surat Mustapa Kemala sowgat edildikä? Awtoryñ gürrüñi Teýmirleñiñ aslynyñ türk(men)digine yşarat etmeýärmi näme? Teýmirleñ mongol hökümdarymy? Türkiýede (ýagny türk ýurdunda!) "Türk" diýlende, käbirleriniñ* ýüzünde tisginme alamaty duýulýar. Awtor şolar ýalylaryñ bardygy üçin ýöriteläp "mongol hökümdary" diýdimikä? Çeşmelere salgylanmasam bolmaz. Jikme-jik maglumatlar Nergishan Tekiniñ "Emir Teýmir" kitabynda ("Kariyer Yayınları" neşirýaty) bar. Ahmet Zeki Welidi Togan, "Emir Teýmirleñiñ şejeresi boýunça seljerme" makalasynda Teýmirleñiñ nesil daragty hakynda jikme-jik maglumaty berýär we onuñ Çingiz hana birikýän zynjyryny görkezýär. Ol Emir Teýmirleñiñ nesebiniñ (añyrsynyñ) Çingiz hana birikýändigini ýazýar. Teýmirleñ on ýaşyndaka ene-atasy ony Şamdan Samarkanda äkiden (soñra Osmanlynyñ çäklerine girýär). Ibn Arapşa (1388-1450), "Ajaibul-Makdur" kitabynda: "Temir kelimesi türkçede "demir" diýmekdir. Kakasynyñ ady Taragaý, kakasynyñ ady Abagaýdyr… Temir sowatsyzdy, okap-ýazyp bilmezdi. Arap dilini-de bilenokdy. Pars, türki we mongol dillerini orta derejede bilýärdi." Müsürdäki mamlýuk hökmürowanlygy döwrüniñ taryhçysy Ibn Tañryberdi (1410-1469). "Te(ý)mir… türkçe "demir" manysyny añladýar. Teýmirleñ sapyk çagataý taýpasyndan bolan asly mongol türkdür" diýip ýazýar. Şu ýerde olaryñ ikisininiñem Teýmirleñe duşmançylyk besländigini ýatdan çykarmazlyk gerek. Taryhçylar şu maglumatlary-da berýärler: "Teýmir barlas taýpasyndandyr. 1230-1240-njy ýyllarda mongol sypatynda tanalan barlaslaryñ we jelaýyrlaryñ aradan ýüz ýyl ýyl geçensoñ Kaşgaderýa sebitlerinde ýaşaýan türki dilli taýpalaryñ arasynda görkezilmegi, olaryñ çaltlyk bilen türkileşme prosesinden geçendigini we dillerini üýtgedendigini görkezýär." (Ahsen Batur). "Çingiz hanyñ we onuñ mirasdüşerleri tarapyndan gurlan döwletler hanedan taýdan alanda mongolam bolsalar, raýatlarynyñ agramly bölegi türki halklardy. Şonuñ üçin bu döwletleriñ çäginde ýaşaýan mongollar gysga wagtyñ içinde türkileşdiler." (Haýrunnisa A. Akbyýyk Alan). "Teýmirleñ aslynda medresede okap bilim alandygy üçin türki diliñ gündogar şiwesi bilen bile mongol we pars dillerini suwara bilipdir." (Musa Şamil Ýüksel). Ibn Haldun, Teýmirleñ bilen Şamda duşuşypdyr, şonda dilmaçlar onuñ sözlerini Teýmirleñe mongol diline terjime edip edipdirler. Teýmirleñ baradaky bu maglumaty beren awtor "mongol hökümdary" diýmän "Teýmiriler döwletiniñ düýbüni tutujy" ýa-da diñe Teýmirleñ diýse has dogry bolmazmydy?! Arslan TEKIN. 06.09.2019 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |