19:45 Eýran ar alyp bildimi? | |
EÝRAN AR ALYP BILDIMI?
Publisistika
Ysraýyl Eýrandan berk garşylyk aljagyny bilip duranam bolsa, Eýranyñ Damaskdaky ilçihanasyna hüjüm etdi. Islendik ilçihananyñ çägi şol ýurduñ territoriýasy hasaplanýandygyna görä, ilçihana Eýranyñ ýeri bolýar. Eýranyñ ýerine gönüden-göni hüjüm edilse, Eýranam muña hökman jogap bermeli bolar. Eýran Ysraýyla hüjüm eden ýagdaýynda dronlarynyñ we raketalarynyñ yzyna serpikdiriljekdugini öñdenem bilýärdi. Ýöne ol bu ýerde özi bilen oýun etmeli däldigini görkezdi. Sionistler ýene bir gezek hüjüm etse, ulanyljak bombanyñ we dronlaryñ tüýsi üýtgese gerek. Ýakynda ýazan bir makalamda "Ysraýyl ot bilen oýun edýär. Eýran birnäçe gezek ýeñen arap ýurtlaryna meñzemez" diýipdim (06.04.2024 ý.) Ysraýylyñ gönüden-göni Eýrany nyşana almagy yzynda ABŞ bolsun, Ýewropa bolsun, özüniñem soñuny getirer. Asyl howp ýadro ýaraglary. Munuñ Eýranyñ elinde ýokdugyna kepil geçip biljegimiz barmy? Ilki bilen Eýrany nähili tanaýarys we asyl nähili tanamak gerekdiginiñ üstünde durup geçesim gelýär. Eýrana bir gezek gidenimde aşyr aýydy. Žurnalist hökmünde çagyrylypdym. Eýran üçin "Aşyr aýy" köp zat añladýar. Şol aý Tähranda bir jöhide sataşdym. Açyk sözlüdi. Eýranyñ raýatydy, ýöne ýüregi Ysraýyl üçin urýardy. Tema boýunça makalalar tapgyrynyñ girişinde aýdanlarym we eýranly jöhide gabat gelenimde eden belliklerim Erran we Ysraýyl bombalaşanda aýratyn many-mazmun gazanýar. Ysraýylda-da, Günbatar Şeriada-da, Gazada-da bolup gördüm. Sionistleriñ Gaza gyrgynçylygy başlanda öñ şol ýerlerde bolanymda duýan zatlarymy kän ýazypdym. Bu ýazanlarym bilenem Eýran boýunça synlanlarymy deñeşdirmek mümkinçiligi dörär. Makalalar tapgyrynyñ girişinden: Eýran hakynda Günbatar metbugaty arkaly bize gelip gowşan maglumatlara-da, Eýran rewolýusiýasyny ullakan zatdyr öýdýänleriñ gidip görende gören-eşden zatlary hakda berýän gürrüñlerine-de aldanyp, bu ýurda baha berjek bolmañ. Beýniñiziñ bir çüñkünde janlandyran Eýranyñyz bilen gözüñiz bilen gören Eýranyñyzy hiç gabat getirip bilmersiñiz. Daşyndan aýdylanlara ynansañ-a, jeberut režim höküm sürýär we siziñ bu režimde alýan demiñizem sanalýar. "Kimdir biri Yslam ynkylabyny amala aşyrypdyr we hiç kimiñ muny tankyt etmäge haky ýok, hatda milt hem edip bilmeli däldir" diýilýär. Hakykatlar bolsa düýbünden başga... Eýran türklerden wiza talap edenok. Uçara münüp ýa-da awtobusyñ aýnasyndan eliñi-goluñy sallap arkaýyn gidip-gelip bolýar. Diñe žurnalistler iş sapary bilen gidip-geljek bolsa, özlerine gorag çäresi hökmünde wiza almaly bolýar... Halk bilenem isleýşiñiz ýaly gürleşip, pikir alyşyp bolýar. Hiç kim sizi yzarlanok. Geñ ýeri, halk režimden bizar bolandygyny aç-açan aýdyp bilýär. Muny aýratynam asly jöhit bir eýranlynyñ režimi açykdan-açyk tankyt etmegi, Ysraýyly goldaýandygyny aýtmagy üns bereniñe degýär. * * * Tähranda Ynkylap meýdany we meýdana birikýän köçeleriñ ugrundaky seteran dükanlarda biziñ "Lälelimizi" ýatladyp duran hereketlilik bar. Dükanlaryñ birinde söwda edip durkak, dükanyñ eýesiniñ jöhitdigini bildik. Bu ýagdaý hasam ünsümizi çekdi. Žurnalistdigimizi bilen dükan eýesi dymaýjak ýaly welin, has beter dili açyldy. Ol bizi çaý içirmän goýbermedi. Ol adamyñ adyny ýazmaýyn. Geñ galan zadymyz, ol diýseñ arkaýyn gürleýärdi, sistemadan we ynkylapdan zeýrenýärdi. Dükanda üç adam bardy. Biri pars raýaty, beýlekisi-de öz inisidi. Pars ýigidi ýanymyza gelende ätiýaçdan dyman jöhot Eýranda ilatyñ 99,5%-niñ Homeýnini halamaýandygyny aýdýardy. Soradym: - Nädip beýle netijä gelip bilýärsiñiz? - Şu gün siz Homeýniniñ guburyna zyýarat etdiñiz... Ol ýerde näçeräk adam bar? - Belki-de 100 müñ adam. - Hawa, Homeýniniñ üstüne zyýarat etmek üçin gelen azyndan 100 müñ adam. Bular Eýranyñ çar tarapyndan gelýär. Homeýnini gowy görýänleriñ hemmesi şol ýere ýere üýşýär. Jumga namazyna syn etdiñizmi? Ol ýere üýşenlerem 5 müñ adamdan geçýän däldir. Ynkylabyñ tarapyny tutýanlar şondan geçmeýär. Müñlerçe adam pidasyna getiren, konstitusion monarhiýanyñ yglan edilen 1905-nji ýylyndan bäri taýýarlygy görlen ynkylaba, elbetde, beýle ýüzleý berip bolmasa gerek. Emma jöhidem bolsa, Eýranda ýaşaýan we ynkylaba başgaça garaýan adamyñ pikiriniñ üstünden ätläbem geçip bilmeýäris. Gaýtadan soradym: - Siziñ özüñiz-ä jöhit. Täze düzgüni-de halamaýarsyñyz. Näme üçin Ysraýyla göçeñzok? - Men Tährany gowy görýärin. - Ysraýyla gidip gördüñizmi? Barmaklaryny görkezip: - Dört gezek... - diýdi. - Eýranda näçeräk jöhit ýaşaýar? - Otuz müñ. - Hawralaryñyz barmy? - Hawa, ýigrimi ybadathanamyz bar. - Hemme ýerde "Ysraýyla ölüm!" diýip gygyrýarlar. Bu ýagdaý sizi ynjalykdan gaçyranokmy? - Olar bolmanam gygyryp ýörendir. Gygyrmalaryna öwrenşibem gidipdiris. Barybir boş galmagal, hiç zat çykmaýar. Mende onuñ ady-da, telefon nomeri-de bar... Kim islese, jañ edip sorabam biler. Biz bärden seredende, hiç kimse režime garşy gidip bilýän däldir, garşylyklaýyn ses çykaryp bilýän däldir öýdýärdik. Her gün "Ysraýyla ölüm!" diýip gygyrylýan, ady dagy tutulman "duşman" diýip atlandyrylan Ysraýylyñ raýaty bolmaly jöhit biziñ žurnalistdigimizi, aýdýan zatlaryny doly ýazjakdygymyzy bilip duran ýagdaýynda aç-açan gürläp otyrdy, ol hökümetiñ öjünden çekenip duranokdy. * * * Eýran düýbi berkden tutulan gadymy döwlet. Onuñ ar alyşy-da çen-çak edişimizden has berk ölçegli, serpikdiriji bolar. Zamana nämälimlikler bilen doly. Arslan TEKIN. "YENIÇAĞ" gazeti, 15.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |