07:59 Welikarusçy Putin | |
WELIKARUSÇY PUTIN
Publisistika
Düýn "moskoflylar" diýipdik. "Moskof" diýlende bir duşmandan söz açýarys. "Moskofyñ" kommunisti bilen kommunist däliniñ arasynda hiç hili tapawut ýokdur. Mekdepde bile okan tanşym Kenan beýden gelen hat: "Arslan beý, eýýäm näçe wagt bäri Zeki Welidi Toganyñ ýatlamalaryny okap gelýärin. Ýatlamalardan görnüşi ýaly halkymyz ýöne ýere ruslara "moskof" diýmän ekeni. Lenin, Stalin we beýlekileri yslamyýete we türki kowumlara diýseñ ikiýüzli bolupdyrlar. Ýatlamalary okanymda ilkinji gezek bir düşünjä gabat geldim: Welikarusçylyk. Däli Pýotrdan (Pýotr I) bäri "Beýik Russiýa". Ondan bäri nijeme döwürler geçse-de, telim syýasatlar üýtgese-de, ha ol ak patyşanyñ tarapdary bolsun, ha ol kommunist, üýtgeýän zat ýok. Edil grekleriñ megola idealy ýaly." Islendik milletiñ ideallary bolýar. Dünýä döräli bäri biri haýallasa, başgasy öñe gidýär. Ruslaryñ beýgelme idealy "Beýik Russiýa" manysyny berýän "welikarusçulykdyr". Biziñ döwrümiziñ welikarusçusy eli ganly Putindir. Gyzyklanyp görseñiz, bu söz "welikorus" (великорус) görnüşinde garşyñyza çykar. Bu ýazylyşy. Okalanda "Welikarus" diýip okalýar. Rus dilinde birinji "o" köplenç "a" diýip okalýar. Bizim idealymyz "Turan". Gökalp muny ne ajap beýan edipdir: "Watan ne Türkiýedir türklere, ne Türküstan... Watan beýik we müebbet bir ülkedir: Turan!" Turan - türki halklaryñ ýaşan, watan saýýan topraklarydyr. Turançylygymyzy başgalaryñ maksady bilen garyşdyrmalyñ! Ahmet Zeki Welidi Togan (1890-1970) - belli döwlet işgäri, taryhçy. Şeýle-de Başgyrdystanyñ Prezidenti. Ol Leniniñ nökerleri ýurduny basyp alansoñ, Orta Aziýa gelýär. Basmaçylara goşulyp, Enwer paşa bilen birlikde ruslara garşy göreşdi. Togan bolşevik rewolýusiýasyndan öñ 1911-nji ýylda çykmaga başlan we häzirem çykýan "Türk Yurdu" žurnalyna makalalaryny ugradypdyr. Onuñ soñky duralgasy Türkiýe boldy. 1932-nji ýylda Taryh Kongresinde M.Kemal Atatürküñ taryh garaýşy bilen pikiri çapraz düşüp ýurtdan çykmaga mejbur bolupdyr. 1939-njy ýylda dolanyp gelipdir. Stambul uniwersitefiniñ Edebiýat fakultetinde ders berdi. 1944-nji ýylda Nihal Atzyz bilen birlikde jogapkärçilige çekildi, on bäş aýlap tussag astynda ýatdy. Togan "Ýatlamalarynda" Turan illeriniñ ýakyn taryhyna çyra tutýar. Bolşewik lider Leniniñ aslynda niçiksi zannyýaman welikarusçudygyny, kommunizmi basybalyjylykly pikirlerine nädip perde tutunyşyny, hut özüniñ Lenin we onuñ egindeşleri bilen bolan özara gürrüñlerine esaslanyp subut edýär. "Ýatlamalaryñ" "Leniniñ ahlak garaýşy" bölümini okanyñyzda kommunizm ideologiýasynyñ rus imperializminiñ emrine berilendigini görersiñuz. Lenin barypýatan welikarusçudyr. Ol basybalyjylykly Russiýanyñ goragçysydyr. Basybalyjylyk we gan dökmek edähedi Putine ussat halypasy Leninden miras galypdyr. Togan Başgyrdystanyñ adyndan Lenin bilen duşuşanda: "Şarkly mazlum milletiñ hak-hukuklary doly dälem bolsa, ykrar edilipdi. Ondan bäri on dört aý geçdi, ojagaz ykrar edilen hukuklaram ýele gaýdy gitdi" diýýär. Lenin oña şeýle bir bihaýaçylykly jogap berýär welin, gahardan ýaña depe saçyñ üýşýär... "Siz nädip beýle ahlak nukdaýnazaryndan geplemäge het edip bilýärsiñiz? Siz nähili ynkylapçy? Nädip olar ýaly ylalaşyklara göwnüñizi berip bilýärsiñiz? Size äht edilen ylalaşyk hiç kimi gyzyklandyrmaýan, bary-ýogy eliñ aýasy ýaly bir bölek kagyzdan ybarat bir zat." ("Diyanet Vakfı" neşirýaty, s. 272). Wah, käşgä ýerim bolsady-da, şol bölümiñ hemmesini şu ýerik sygdyrsadym. Leniniñ ady agzalsa, akly-huşy bilen iki epilýän kommunistlerimizi gynandyrýandygymy-da bilýärin. Ýöne olaryñam hakykaty bilmäge haklary bar ahyryn! Leniniñ bu sözlerine seredip, şu günümizi okap bileris. Astana, Soçi, Moskwa we mundan soñky gelinjek ylalaşyklaryñ barsy ýöne bir kagyz böleginden ybaratdyr. Putin "welikarus" ýolunda ynamly ädimler bilen öñe barýar. Arslan TEKIN. 12.03.2020 ý, "Yeniçağ" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |