17:03 Sezai Karakoçy nähili bilýärsiñiz? | |
SEZAI KARAKOÇY NÄHILI BILÝÄRSIÑIZ?
Ýatlamalar
Atamälik Jüweýni (1283-nji ýylda aradan çykan) yzynda deñsiz-taýsyz bir eser miras goýup gidipdir: "Älemi eýeleýjiniñ taryhy" ("Jihangüşâ"). Özü-de, dini-de bitewi adam. Hulagu hanyñ geñeşçisi ýaly mydama ýanynda. Sözünem diñledip bilýär. Hulagu han Çingiz hanyñ agtygy. Yslam gymmatlyklaryna ummasyz uly ýitgileri çekdirenem bolsa, musulmanlary Alamutuñ musallatlaryndan halas edipdir. Alamut diýlende Hasan Sabbah we onuñ yzyna eýerijiler ýada düşýär. Şaýylyk, batinilik, ysmaýylylyk... Ýene nijeme ynanç sistemalaryny öz içine alýar. Şindi oýlandym: Döwrümiziñ "yslamçy" toparlanmalarynyñ sütemkärlik ýaryşynda Hasan Sabbah düşünje taýdan nä derejede rol oýnady? Ol şol bir wagtyñ özünde ylymly adamdy, emma ýeke sözde pidaýylaryny ölüme ugradyp bilýärdi. Onuñ we yzyna eýerijileriniñ teraktdan, adam öldürmekden başga hasaplary ýokdy. "Älemi eýeleýjiniñ taryhy" mongol we türk taryhy boýunça ilkinji çeşmelerdendir. Alamut hakynda-da, Hulagu han hakynda-da aýtmakçy däl. Jüweýni şahyr hem bolan. Ol bu gymmatly kitabynda şahyrlaryñ eserlerine ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Onuñ şu setirlerini bir ýere belläp goýupdym: "Iki gün ýaşajak bolup ölümden gaçanyña degmez, Çünki ajal şu gün gelmese ertir geler. Ajalyñ gelen güni çarp uranyñ peýdasy ýok, Gelmedik güni bolsa gorkmagyñ hajaty ýok." Ölümi şundan gowy beýan etmek mümkin däl! Şahyr Sezai Karakoçy ýitirdik. Alla rehmet etsin. "Ikinji täze şygyr" akymynyñ soñky wekillerindendi. Öñ bu barada aýdyp geçipdim... Ankarada, hadysalardan doly ýyllarda çawup gelen ok degip aradan çykan Dr. Bedretdin Jömert ölmezinden öñ Stambulda Edebiýat fakultetinde geçirilen türkologiýa kongresine "ikinji täze şygryñ" şahyrlarynyñ adyndan gatnaşypdy. "Ikinji täzäniñ" şahyrlaryndan Ilhan Berk, Eje Aýhan, Jemal Süreýa, Turgut Uýar, Edip Jansewer ýaly belli şahyrlar bardy. Amfide yzky hatarda oturan bir talyp durup bilmedi, Sezai Karakoçy ýatlatdy. Bedretdin Jömert "Olam bar" diýdi islese-de, islemese-de. Galyberse-de "Läleliden dünýä sary barýan tramwaýda biz" setiri bilen "Ikinji täze" şygryýet akymyny formulirlän Sezai Karakoçdyr. Köp çeşmede şundan mysal berilýär. "Edebiýatymyzda adalgalarda" "Respublika döwrüniñ türk edebiýatynyñ" üstünde durup geçende şeýle bellik edipdim: "Ikinji täze şygyr" düşünjesinde marksizmiñ garşysynda yslamçy akymyñ wekillerini görýäris. Olaryñ öñüni Sezai Karakoç çekýär. Erdem Beýazıt, Jahit Zarifogly, Ismet Özel, Hasan Akaý ýaly şahyrlar belli wekillerindendir." Şahyr Syýasy ylymlar fakultetiniñ maliýe bölümini okap gutarandan soñ maliýe inspektory bolup işledi. Ykdysadyýetiñ meselelerine kelle agyrtdy. "Yslam jemgyýetiniñ ykdysady struktturasyny" ýazdy. Bu kitap ilkinji bolup 1967-nji ýylda "Ötüken" neşirýatynda çapdan çykypdy. (Erganili Sezai Karakoçuñ türkçi tarapyny "Ötüken" neşirýatynyñ gurujylaryndan meşhur ýazyjymyz merhum Mehmet Niýazi (Özdemir) agamyzdan diñläpdim.) Sezai Karakoç kitaby ýazan wagtlary Türkiýede "yslam sosializminiñ" gürrüñi gidýärdi. Ol bolsa ýoñ bolan ideologiýa ýanaşmazdan gönüden-göni "yslam ykdysadyýeti" düşünjesini öñe çykarýardy. "Yslamy düşünjä esaslanan ykdysady sistemanyñ kapitalizmden we sosializmden özbaşdak hem-de alternatiw sistemadygyny" öñe sürýärdi. Jemleýji sözi Sezai Karakoça goýýaryn: "Elini uzatdy saçaga Elini uzatdy zeýtuna we nara Elini uzatdy täze Aýa Hamd bolsun diýdi, hamd bolsun Täzeden boldum hamd bolsun Bu dagdyr, hamd bolsun Bu ýaz, bu ynsan, hamd bolsun Bizi ýaradana Soñra öldürüp Täzeden ýaradana Soñra gaýtadan öldürjege Şu dünýäniñ ýolagçysy edene Ýeri-gögi gurşap alana Jähenneme we Jennete Belli bir yşarat goýana Hamd bolsun". Arslan TEKIN. "YENIÇAĞ" gazeti, 19.11.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |